12.07.2015 Views

türkmenıstanyň kanuny - The International Center for Not-for-Profit Law

türkmenıstanyň kanuny - The International Center for Not-for-Profit Law

türkmenıstanyň kanuny - The International Center for Not-for-Profit Law

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

116jerimeler we puşmana tölegi;h) halkara ýolagçy gatnatmakdan we ýük daşamakdan alynýan girdejiler.Deňiz, derýa we howa gämileri, awtoulag serişdeleri ýa-da demirýol ulaglarybilen ýükleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak Türkmenistanyň çäklerindendaşarda ýerleşýän ýerler (nokatlar) arasynda geçirilmeýän halatlaryndan başgahalatlarda, Türkmenistanyň rezidenti bolup durýan edara görnüşli we hususytelekeçiler üçin ýa-da Türkmenistanyň rezidenti bolup durmaýan edara görnüşlitaraplar üçin, eger bu gatnatmalar, daşamalar Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýänhemişelik wekilhanalaryň maksatlary üçin amala aşyrylýan bolsa;i) hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrylýan iş bilen bagly bolmadyk,Türkmenistandaky çeşmelerden alynýan beýleki şonuň ýaly girdejiler.3. Şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilen girdeji salgydyny hasaplamaksalgyt ýumuşçylary tarapyndan 15 göterim möçber boýunça geçirilýär, muňa deňizwe howa gämilerini kärendä bermekden alnan girdejiler girmeýär.Deňiz we howa gämilerini kärendä bermekden alnan girdejiler üçin salgydyňmöçberi 6 göterime deňdir.4. Salgyt ýumuşçylary girdeji salgyt tutulyp alnan pursadyndan soňky bäş günmöhletde girdeji salgydyny Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirýärler.5. Salgyt ýumuşçylary girdejiniň tölenen aýyndan soňky aýyň 20-ne çenlimöhletde, özüniň salgyt hasabynda durýan salgyt gullugyna tutulyp alnan weTürkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen girdeji salgydy, girdeji tölenýän edaragörnüşli taraplar baradaky maglumaty Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugytarapyndan bellenilýän görnüşde bermäge borçludyrlar.181-nji madda. Iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak1. Salgyt edaralary Türkmenistanyň rezidenti bolup duran edara görnüşlitaraplaryň talap etmekleri boýunça, olaryň peýdadan (girdeji) alynýan salgydyTürkmenistanda töländiklerini tassyklaýan resminamany bermäge borçludyrlar. Şuresiminamanyň görnüşi Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndanbellenilýär.2. Salgydy tölemekden boşatmak ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerindenpeýdalanmak üçin, salgyt töleýji Türkmenistanyň salgyt gullugy edarasyna özüniňTürkmenistanyň degişli salgyt döwrüniň dowamynda (ýa-da onuň bir böleginde)hereket edýän, ikitaraplaýyn salgyt salmagy ýatyrmak hakyndaky ylalaşykbaglaşan döwletiniň rezidenti bolup durýandygyny resmi taýdan tassyknamanybermelidir.Tassyknama salgyt ýa-da salgyt tölegi boýunça deslapky töleg tölenmezdenöň hem, salgyt töleýjiniň salgydy tölemekden boşadylmaga ýa-da artykmaçlykalmaga dalaş edýän salgyt döwri tamamlanandan soňky bir ýylyň dowamynda hemberlip bilner.6-njy bap. Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!