12.07.2015 Views

türkmenıstanyň kanuny - The International Center for Not-for-Profit Law

türkmenıstanyň kanuny - The International Center for Not-for-Profit Law

türkmenıstanyň kanuny - The International Center for Not-for-Profit Law

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

36göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen ulanylýar.2.Emlägi girew goýmak girew goýujy bilen degişlilikde girew saklaýjy bolupçykyş edýän salgyt gullugynyň ýa-da gümrük gullugynyň arasyndaky ylalaşykbilen resmileşdirilýär. Salgyt töleýjiniň özi hem, üçünji tarap hem girew goýujybolup biler.3.Emlägi girew goýmagyň hasabyna salgyt tölemek boýunça borçlaryň ýerineýetirilmegini üpjün etmek emlägi girew goýmak bilen baglanyşykly ýüze çykýanhukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenentertipde amala aşyrylýar.4.Girew goýlan zat bilen baglanyşykly haýsy hem bolsa bir geleşigigeçirmek, şol sanda girew goýujy tarapyndan bergini ýapmak maksady bilengeleşikleri geçirmek hem diňe girew saklaýjy bilen ylalaşylyp amala aşyrylypbilner.61-nji madda. Kepil geçmeklik1.Kepil geçmeklik şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda,harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhetlerinden geçirilmegi bilen baglanyşyklysalgydy tölemegi üpjün etmek babatynda bolsa, Türkmenistanyň gümrükkanunçylygynda göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilenpeýdalanylyp bilner.Kepil geçmeklik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgyt gullugyýa-da gümrük gullugy bilen kepil geçijiniň arasyndaky ylalaşyk bilenresmileşdirilýär.2.Salgyt töleýjiniň salgyt tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmedik ýa-dadegişli derejede ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, onda kepil geçilendigi üçin,salgydyň tölenmeli degişli pul möçberini bellenen wagtda tölemek borjy salgyttöleýjiniň ýerine kepil geçiji tarapyndan ýerine ýetirilýär.62-nji madda. Bank edarasyndaky hasaplar boýunça amallarytogtatmak1.Bank edarasyndaky hasaplar boýunça amallary togtatmak salgyt töleýjiniň(salgyt ýumuşçysynyň) bank edarasyndaky hasaplarynda duran ýa-da şol hasaplaragelip gowuşýan pul serişdelerinden peýdalanmak hukugyny, şeýle hem şol ýa-dabeýleki bank edarasynda täze hasap açmak hukugyny çäklendirýän çäre bolupdurýar.Görkezilen çäklendirme Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň,maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenmegine, şu Bitewi <strong>kanuny</strong>ň 44-nji maddasynda görkezilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine degişli däldir.2. Bank edarasyndaky hasaplar boýunça işleri togtatmak baradaky çözgüt,salgyt gullugynyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan şu aşakdakyýagdaýlarda kabul edilýär:salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan maliýe hasabatynyň we (ýa-da)salgyt beýannamalarynyň berilmeli möhleti tamamlanandan başlap on günüň

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!