06.11.2013 Views

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

“Biz Halmyrat Sähetmyradowyň düzen goşgularyny aýdym edip aýdýardyk.

Onuň “Gumdaky baýlar” atly goşgusyny ýaşuly nesliň häzirem bilmeýäni ýokdur.

Onuň “Türkmen gyzy” goşgusy:

Göter perdäňi ýüzüňden,

Göwnüň geçmesin özüňden,

Aýlansam gara gözüňden,

Eэ, türkmeniň gözel gyzy!

diýen setirler bilen başlanýardy. Onuň “Türkmen ogly” goşgusynyň hem iki setiri

эadymda:

Türkmen ogly, batyrlykda çykar adymyz,

Ata-baba kärimizdir, dakyn gylyjyň, ýör urşa”.

Biziň pikirimizçe, ýaºuly mugallym Meret Myradowyň bu ýatlamasyndaky

“Türkmen gyzy” goşgusyndan mysal getirilen ýokarky bent bilen “Daň ýyldyzy”

gazetinde çap edilen “Gyzlar” goşgusynyň birinji bendiniň sözme-söz deň gelmegi

ol ikisiniň aslynda ºol bir eserdigini, awtorynyň hem Halmyrat Sähetmyradowdygyny

aэtmaga doly esas berэдr. Gazetdäki goşgynyň her bendiniň soňky setiriniň “türkmen

gyzy” diэen sцzler bilen tamamlanmagy, munuň üstesine, ºol ºahyryň “Türkmen

ogly” atly şygrynyň hem bolmagy biziň söhbetini edýän goşgymyzyň hakyky adynyň

gazetdäki эaly”Gyzlar” dдl-de, “Türkmen gyzydygyna” şek-şübhe goýmaýar. Ýeri

gelende aýtsak, “Türkmen ogly” şygryndan mysal getirilen ýokarky iki setir

1914–1918-nji ýyllaryň I Jahan urºunda duºmana garºy mert durmak üçin Watany

goramaga çagyryºdyr.

Indi bolsa 1898-nji ýylda Köşi obasynda dünýä inen we öz döwründe эokary

partiэa hem-de dцwlet wezipelerini eэelän, 1938-nji эylda bolsa “milletçi”, “halk

duºmany” hökmünde nähak günä ýöňkelip эok edilen Halmyrat Sähetmyradowyň

bary-эogy 40 эyla зeken ömür ýolunyň ylym-bilim, žurnalistika, çeper döredijilik

bilen baglanyşykly taraplaryna gysgaça seredip geçeliň. Çünki olar biziň

makalamyzda gozgalan meseleleri aэdyňlaşdyrmakda goşmaça delil bolup biler.

H.Sähetmyradow ilki Köşi obasyndaky ýerli mekdebi, soňra şol ýerdäki

bagbançylyk mekdebini gutaryp, 1914–1917-nji ýyllarda Daşkent şäherindäki

mugallymçylyk seminarisinde bilim aýlar. Türkmenistana dolanyp gelip, Köşüdäki

özüniň gutaran bagbançylyk mekdebinde mugallym bolup işe başlaýar. Onuň

terjimehalynda 1919–1920-nji ýyllarda RK(b)P-niň Aşgabat şäher musulman

(türkmen) býurosynyň agzasy, Aşgabat (häzirki Ahal) welaýat bilim bölüminiň

müdiri, welaýat gazetiniň redaktory wezipelerinde işländigi barada maglumatlar bar.

Şu we käbir beýleki maglumatlar 1918-nji ýylda çykarylan “Daň ýyldyzy” gazeti

bilen ýakyn aragatnaşyk saklan H.Sähetmyradowyň 1920-nji ýylda gazet täzeden

dikeldilende, onuň redaktory bolup işländigi barada netijä gelmäge esas berýär.

1922–1924-nji эyllarda Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň talyby bolan

H.Sähetmyradow şol bir wagtyň özünde uniwersitetiň türkmen ýaşlarynyň okaýan

10

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!