06.11.2013 Views

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

1-nji surat

Amerikan alymlarynyň maglumatlaryna [6] görä, Pensilwaniýa ştatynda ýyglan

düwmeliniň bişip ýetişen miwelerinde rutin maddasy tapylmandyr. Wenger we rumyn

alymlarynyň getirýän maglumatlaryna [6] görä rutiniň mukdary 8,8-14% bolup, doly

bişip ýetişmedik miwelerinde bolsa 44%-e çenli ýetýär. Ispaniýada ýapon soforasynyň

gunçalaryndaky rutiniň mukdary 35%-e çenli bolsa [32], şol bir wagtda Wengriýada

şol görkeziji 0,3-0,45%-e эetэдr [12]. Düwmeliniň miweleriniň bişip başlamagy bilen

kempferolyň glikozidleri peýda bolýarlar, olaryň içinde köp mukdary kempferol-3-

soforazid we genisteiniň glikozidi tutýar has-da kempferol-3, diglikozid-7 agdyklyk

edýär [8]. Güýz aýlarynda şireli ýetişen miwelerinde daşky klimat şertlerine

baglylykda 7-8-e çenli flawonoid birleşmeleri bolup bilýärler [9]. Onuň miwelerinde

häzirki wagtda flawonoid birleşmelerinden başga-da immunomodulirleýji işjeňligi

ýüze çykaryp bilýän triterpen glikozidleriniň hem bardygy ýüze çykarylypdyr [18].

Rutiniň mukdary ösümligiň ösüş döwürlerine görä hem üýtgeýändir, ýagny

ýapraklarynda gunçalaýan döwründe (%-hasabynda) 5,7-ä, gülleýän döwründe

3,4-e, miwe getirýän döwründe 1,4-e, ösümligiň gunçalarynda gunçalaýan döwrüniň

başynda 28-e, gunçalaýan döwrüniň ahyrynda 21-e, gülleýän döwründe güllerindäki

derejesi 18-e, miwe getirýän döwrüniň başynda 7,1-e, ahyrynda 3,4-e deňdir [3].

Türkmenistanyň derman senagatynda we ylmy lukmançylykda ulanylmagy göz

öňünde tutulan düwmeliniň miwesine wagtlaýyn farmakopeýa makalasy düzüldi [13].

Dermanlyk çig maly bolan onuň miwesi (kösükler) – guradylan, doly bişmedik

(arasynda bişenleri hem bolup biler), etli, ýalaňaç, açylmadyk, çekdirilen bogunly

silindr görnüşli, köp tohumly (her tohumyň arasy gysylan görnüşde), 10 sm-e çenli

uzynlykda, ini 0,5-1sm bolan, ýaşylymtyl mele (bişenleri-gyzylymtyl), sary, seplenen

ýaly sepgittikinden (çyzykdan-sepden) ybaratdyr. Tohumy gara ýa-da goýy goňur

reňkde, tegelek, tekiz, 1 sm uzynlykda, 0,4-0,7 sm inlilikde bolýar. Onuň esasy bölegi

bolsa doly ýetişen däldir, ysy ýok, tagamy ajy (2-nji surat).

34

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!