06.11.2013 Views

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ

SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN

№1 2009

A.Sцэegowa

1918-NJI ÝYLDA “DAŇ ÝYLDYZY” GAZETINDE ÇAP EDILEN

“TÜRKMEN GYZY” GOªGUSY HAKYNDA

“Türkmen gyzy” goşgusynyň taryhyny öwrenmek üçin şu aşakdaky üç

meseläniň üstünde aэry-aэrylykda durup geзmek maksadalaэykdyr.

1-nji mesele: “Daň ýyldyzy” gazeti. Bu ugurda edilen iºlerden belli bolºuna

görä, gazet ilki 1918-nji ýylyň güýzünde, soňra 1920-nji ýylyň başky üç aýynda

Aşgabatda türkmen jedit ýazuwynda çap edilip ýaýradylan ilkinji döwürleýin

neşirleriň biridir. Biziň günlerimize 1918-nji ýylyň 10-njy sentэabrynda çykan ýekeje

sany gelip ýeten “Daň ýyldyzyna” sowet döwründe “ak gwardiýaçylar,

es-er-menşewistik dönükler we buržuaz milletçiler tarapyndan partiýasyz neşir diýen

perde astynda çykarylan tüýs kontrrewolýusion äheňli” gazet hökmünde baha

berilmegi onuň bolşewikler tarapyndan öňe sürlen synpylyk эolundan gitmдn, eýsem

öňden gelýän millilik ýörelgelerini dowam etdirendigi sebäplidir. Meselem, gazetde

“Taryhymyzdan”, “Edebiýat” ýaly bölümler bolup, olarda “Oguznamalardan”

bölekler, Magtymgulynyň şygyrlary, türkmen halkynyň taryhyna degişli rowaýatlar

çap edilipdir [1].

Bar bolan maglumatlary deňeşdirip, “Daň ýyldyzy” gazetiniň 1918-nji ýylda

Zakaspide Oraz serdaryň (Gökdepe urşunyň gahrymanlarynyň biri Dykma serdaryň

ogly) başlyklygynda döredilip, gysgawagtlaэyn dowam eden musulman (türkmen)

hökümeti tarapyndan, 1920-nji ýylda bolsa RK(b)P-niň musulman (türkmen) býurosy

tarapyndan neşir edilendigini anyklamak bolar.

Sowat öwretmegiň jeditçilik usuly esasynda döredilen ilkinji türkmen

harplyklarynyň we başga-da ençeme okuw kitaplarynyň awtory Alyşbek Alyýew [5]

tarapyndan rejelenen (redaktirlenen) “Daň ýyldyzy” gazetiniň ýokarda görkezilen

sanynda “Gyzlar” atly goºgy okyjylara hödürlenipdir, emma ony kimiň ýazandygy

görkezilmändir.

2-nji mesele: “Türkmen gyzy” (“Gyzlar”) goºgusy. Bu эerde эaэ

iзinde эazylan “Gyzlar” sözi goºgynyň gazetde çap edilendäki goэlan adydyr.

Eseriň näme üçin iki atlydygy barada aşakda, üçünji meselä geçenimizde,

gürrüň ederis. Jemi 7bentlik goşgynyň başky 3 bendi ýokarda salgylanylan

kitapda berlipdir [1]. Biz soňky 4 bendi hem arap hatyndan häzirki ýazuwymyza

geçirip, goşgyny 1918-nji ýyldan soň ilkinji gezek tutuşlygyna okyjylaryň

dykgatyna ýetirýäris:

8

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!