06.11.2013 Views

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

elektrokrekingi netijesinde alynýan gurum çalnanda hem howply çiş döreэдr [21].

Gurum tozany bilen uzak wagtlap dem almak syçanlaryň dişleriniň we agzynyň nemli

bardasynyň zaýalanmaklaryna getirýär [16]. Bu topara degişli jisimleriň demalyş

synalaryna düşmegi ýokarky demalyş ýollarynyň atrofiýasyna ýa-da gipertrofiýasyna

getirэдr. Bu jisimler öýkenlerde saklananlarynda bolsa howa çalyşýan zolakda

birleşdiriji dokumalaryň emele gelmegine we öýkenleriň bitişmegine (fibrozyna)

getirэдr. Şunlukda, 2 tipli pnewmositleriň saýlama görnüşinde zaэalanma emele gelip,

olar RADS-a, цэkenleriň fibrozyna, böwrek ýetmezçiligine sezewar bolэarlar [20].

Asbestiň täsiri astynda dörän öýkenleriň dokumaiçki giňişleýin fibrozy, beýleki

sebäplere görä dörän fibrozda bolşy ýaly, restriktiw öэken halkasy bilen utgaşyp

gidýär [11,12,18]. Onuň alamatlary öýken göwrüminiň peselmegini, aýratyn hem,

1sekuntda forsirlenen ekspirator göwrümiň forsirlenen ýaşaýyş sygymyna

(FEVi/FVC%) bolan gatnaşygyny saklap, ýaşaýyş sygymynyň azalmagyny, öýkenleriň

ýumşamagyny öz içine alýar. Emma FEVi/FVC ululygyň peselmegi bilen howa

akymynyň çäklenmegi hem bolup biler. Bu hadysa daşky gurşawyň tozanly

bolmagyna ýa-da çilim çekilmegine garşy bolan jogapdyr. Asbestozyň irki

döwürlerinde, haçan-da garşylyk keselçilik üýtgeşmeleri peribronhiolýar fibroz bilen

çäklenen wagty, hatda ondan hem öň, ýagny yzygiderli bolmadyk ownujak garalan

ýerler kükrek öýjüginiň rentgenogrammasynda entek görünmeýän wagtlarynda-da,

inçe demalyş ýollarynda respirator disfunksiýasy döreýär. Dem goýbermegiň

ortasynda iň ýokary akymyň peselmegi asbestozda respirator disfunksiýasynyň

ýeke-täk alamaty bolup biler. Keseliň irki döwürlerinde agrama (işe, ýüke) bolan

reaksiýa (jogap, täsir) ýaramazlaşýar. Bu ýagdaý wentilýasiýanyň ýokarlanmagy

hem-de dem almagyň çaltlaşmagy we ýüzleý dem almagyň haýryna kisloroda bolan

islegiň peselmegi görnüşinde ýüze çykýar. Netijede, howa (kislorod) alyş-çalşygynyň

gowşamagy peýda bolýar. Kesel agyrlaşdygyça howa alyş-çalşygynyň bozulmagy üçin

gerek bolan agram azalýar. Asbestozdan jebir çekýän kesellileriň öýken halkasynda

restruktiw we obstruktiw üýtgeşmeleriň ýüze çykmak mümkinçiligini göz öňünde

tutup, tejribeli lukman oňa anyklamak üçin gural hökmünde düşünmän, öýkenleriň

işiniň gowşamagy diýip düşünýär. Öýkenleriň ýerine ýetirýän işleri, aýratynam,

olaryň ýaşaýyş sygymy (göwrümi), uzak wagtlap aýry-aýry gözegçilikleri ýa-da

epidemiologiki barlaglary geçirmekde, meselem, täsir kesilensoň asbestozyň ösüşini

ýa-da asbest bilen baglanyşygy plewra keselleriniň döremeklerini yzarlamak üçin

peýdaly guraldyr [5,6,8].

Öýkenlerde asbestoz bilen baglanyşykly ýüze çykarylan patologiki üýtgeşmeler

damar we bronhial deformasiýasy bilen alamatlanýarlar we alweolýaryň hem-de

dilimara germewjikleriň nädogry galňamagy bilen utgaşyp gidýär.

Interstisial fibroza goşmaça: palçyk-slanes pnewmokonioz zerarly zaýalanan

öýkeniň nusgalygy öýken kökleriniň töwereginiň garalan ýerleriniň ulalandygyny

görkezýär. Bu ýagdaý palçyk slansynyň tozanynyň düşmegi we öýken derwezeleriniň

gän mäzlerinde skleretiki üýtgeşmeleriň emele gelmekleri bilen baglanyşyklydyr [17].

Biziň alymlarymyzyň geçiren barlaglary asbestosement önümçiliginde işleýän

işgärlerde hem öýjük hem gumoral immunitetiniň ýetmezçilik edýändigini görkezýär.

Olarda immunitetiň fagositar bölegi hem jebir çekýär, ýiti respirator keselleri bilen

20

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!