06.11.2013 Views

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Bu derman ösümliginiň ýapraklarynyň himiki düzüminde protistosid häsiýetli,

miwelerinde bolsa bakteriýalara garşy (olar altynsow stafilakoklary we içege

taýajyklaryny öldürýärler) maddalaryň bardygy kesgitlenipdir.

Düwmeliniň jöwheriniň stafilakoklaryň we içege taýajyklarynyň ösüşini

peseldýändigi, Candida albiсans mikroorganizmlerine bolsa täsir etmeýändikleri

kesgitlenilipdir. Bu derman serişdesiniň mikroba garşy täsiri 5 mg (gury madda

hasabynda) mukdarda ýüze çykyp başlapdyr, mukdarynyň artmagy bilen bolsa

mikroblara täsiri hem ýokarlanypdyr. Mysal üçin, 5 mg mukdarynda altynsow

stafilakoklaryň ösüşiniň saklanýan sebitiniň diametri 16 mm-e, 10 mg mukdarynda

bolsa bu görkeziji 28 mm-e deň bolupdyr. Ýöne düwmeliniň jöwheriniň mukdarynyň

artdyrylmagynyň dowam etdirilmegi onuň mikroblara garşy täsiriniň ýokarlanmagyna

getirmändir. Air ösümliginiň (Acorus calamus L.) ýagy bilen düwmeliniň jöwheriniň

1:1 gatnaşygyndaky toplumy ýokarda getirilen test mikroorganizmleriniň

(stafilakoklara, içege taýajyklaryna, Candida albicans mikroorganizmlerine) ählisine

birmeňzeş derejede mikroblara garşy täsirini görkezýändigini, olaryň

1:4 gatnaşygyndaky toplumlarynda bolsa Candida albicans mikroorganizmlerine bolan

mikroblara garşy täsirleriniň peselýändigini barlaglaryň netijesinde ýüze

çykarypdyrlar. Şeýle-de düwmeliniň (Sophora japonica L.) jöwheriniň we air

ösümliginiň (Acorus calamus L.) ýagynyň 20-den gowrak paradontoz keselli

näsaglaryň agyz boşlugyndan alnan mikroorganizmleriň toplumlaryna garşy täsiri

öwrenilipdir. Ol mikroorganizmleriň toplumlarynyň düzümini 70% ýagdaýda

stafilakoklar we streptokoklar, 50% ýagdaýda grammotrisatel taýajyklar,

30% ýagdaýda bolsa esasy düzüm böleklerini hamyrmaýa kybapdaş kömelejikler

düzüpdir. Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, düwmeliniň jöwheri bilen air

ösümliginiň ýagy bilelikde kombinirlenen görnüşinde näsaglaryň agyz boşlugynyň,

keselli dişleriniň patologiki jübülerinden alnan mikroorganizmleriň toplumyna garşy,

mikroblara garşy täsirlerini görkezip bilýändikleri kesgitlenipdir [19].

Flawonoid maddalarynyň fungistatik we fungisit täsirleriniň bardygy, ýöne

olaryň bu häsiýetleriniň aýratyn maddalaryň däl-de, olaryň toplumlarynyň hasabyna

ýüze çykýandyklary ylymda öwrenilendir [15].

Düwmeliniň “Soforin” atly dermany trofiki we iriňli ýaralary bejermeklik üçin

niýetlenilip, beýleki dermanlardan tapawutlylykda (furasillin, Wişnewskiý melhemi)

ýaranyň töweregindäki nekrotiki elementleriň basym aýrylmagyna, işjeň

granulirlenme hadysasynyň geçmegine we bedeniň immun ulgamynyň işjeňligine

oňaýly täsir edipdir [20].

Türkmenistanyň Milli derman serişdeleri institutynda düwmeliniň

miwelerinden bölekleýin goýmak usuly bilen taýýarlanan jöwheriniň farmakologiki

we toksikologiki häsiýetleri öwrenilipdir. Netijede, ondan alnan jöwheriň

farmakopeýa talaplaryna doly gabat gelýändigi subut edilipdir (3-nji surat) [26].

Ýapon soforasynyň jöwheri çagalarda gulagyň otitlerinde ýokary bejerijilik

ukybyny ýüze çykarýar. Bu usullar boýunça geçirilen bejergilerde mekdep ýaşyna

ýetmedik çagalaryň arasynda adaty bejergi bilen deňeşdirilende, olaryň 1,5 gün ir

sagalýandygyny, mekdep ýaşly çagalaryň arasynda bolsa adaty bejergi bilen

deňeşdirilende 1,4 gün ir sagalýandygyny gözegçilikler görkezýär [4].

38

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!