24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

ugrunda kynçylyklara çydaýarsyňyz. Hudaý sizi Öz ogly kimin tutýar. Çünki haýsy ogla atasy

terbiýe bermeýär?Eger-de her kesiň alýan terbiýesi sizde ýok bolsa, onda siz ogul däl, nikasyz

doglan oglanlarsyzňyz“ (Ýewreýler 12:5-8).

Hudaý: bütin mümkin bolan güýjüň çeşmesidir

Hudaý ähli mümkin bolan güýjüň çeşmesidir. Hudaý diýlip terjime edilýän gadymy ýewreý sözi

hakykatda güýç-kuwwatlygy aňladýandyr:

„Men Reb we başgasy ýokdur; Mendan özge Hudaý ýokdur“ (Işaýa 45:5);

„Menden başga Hudaý barmyka?Başga bir daýanç ýokdur, hiç birini bilmeýärin“ (Işaýa 44:8);

„Reb (seniň Hudaýyň) Hudaýdyr we ondan başgasy ýokdur“ (Ikinji Kanun 4:35).

Munuň ýaly aýatlar Bibliýada köp duş gelýär. Hudaý ähli mümkin bolan güýjüň çeşmesi hem-de

Ol –ýeketäk Hudaý bolandygy üçin, Ol bize köplenç Özüniň gabanjaň Hudaýdygyny

ýatladýandyr (mysal üçin, Çykyş 20:5; Ikinji Kanun 4:24).

Haçanda Hudaýyň adamlary başga hudaýlara ynanmaga başlanlarynda hem-de haçanda olar Oňa:

„Sen – beýik Hudaý, ähli zady başarýan Hudaý, ýöne hakykatda welin, Sen ýaly güýçli-kuwwatly

bolmasalar-da, biz Senden başga ýene-de birnäçe hudaýlara ynanýarys“ diýenlerinde Ol gabanjaň

bolmaga başlaýar. Munuň ýaly ýalňyşlygy ysraýyllylar hem goýberipdiler. Köne Ähtde

ýewreýleriň özge hudaýlara-da hakyky Hudaýa ynanyşlary ýaly ynanyp, Hudaýy gam-gussa

batyryşlaryny beýan edýän köp ýerleri bardyr. Bibliýadan adamlaryň häzir hem ynanýan

„arwahlarynyň“ („jynlaryň) ysraýyllylaryň ynanan şol ýalan hudaýlaryna meňzeşdigi mälimdir.

Al-arwahlar (jynlar) – bular butlardyr

Korintoslylara birinji hatda Pawlus mesihileriň (hristianlaryň) näme üçin butparazlyk bilen iş

salyşmaly däldigini ýa-da bu zeýilli zatlara ynanmaly däldigini düşündirýär. Bibliýa zamanlarda

adamlar al-arwahlaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklardan ýeňip geçmek üçin tagzym etmeli

bolan kiçi hudaýlar bolandyklaryna ynanypdyrlar. Bu maksat bilen olar al-arwahlaryň şekillerini

ýasapdyrlar. Bular hem beýleki butlar ýaly bolupdyrlar we olar bulara-da tagzym edipdirler. Ynha

şonuň üçin-de Pawlus özüniň hatynda „al-arwahlar“ we „butlar“ sözlerini özara ulanýar:

„Ýöne butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär diýýärin. Men siziň jynlar

bilen şärikçilik etmegiňizi islämok... Emma biri size: „Bu butlara berlen gurbanyň etidir“ diýse,

ýaňky habar bereniň we ynsap hatyrasy üçin iýmäň...“ (1 Korintoslylar 10:20, 28). Şeýlelikde,

butlar we jynlar şol bir zatdyr. Olaryň gurbany „Hudaýa däl-de, eýsem jynlara (butlara)“

getirýändikleri hakda Pawlusyň adýanyna üns beriň. Diňe ýeketäk Hudaýyň bardygy üçin,

jynlarda hiç hili hakyky güýjiň ýokdugyny bellemelidir. Çünki olar – hudaýlar däldir. Bu pikir 1

Korintoslylar 8:4 anyk seljerilýändir:

„Butlara berlen gurbanlaryň etinden iýilmegi barada bolsa, butuň (arwaha deň derejededir)

dünýäde hiçdigini, bir Hudaýdan başga Hudaýyň ýokdugyny bilýäris". But ýa-da jyn asla ýokdur.

Dünýäde diňe hakyky ýeketäk Hudaý ýa-da kuwwat bardyr. Soňra Pawlus şeýle dowam edýär

(aýatlar 5-6):

„Çünki ýerde bolsun, gökde bolsun/ „taňry“ diýilýänler näçe bolsa-da – ençeme „tarylaryň“ we

ençeme „rebleriň“ bolşy ýaly – biziň (hakyky imanlylarda) bir ata Hudaýymyz bardyr, hemme zat

Ondandyr (öň aýdyp geçişimiz ýaly ähli gowy zatlar ýaly erbet zatlar-da)“. Häzir hem dürli

jynlaryň (al-arwahlaryň) bardygyna ynanýan adamlar bardyr – olardan biri işi ýitirmäge kömek

etse, beýlekisi bolsa, aýalynyň öýden gitmäge bahana tapypdyr.

Täze äht zamanlarynda adamlaryň jynlara butlar ýa-da „hudaýlar“ ýaly ynanandyklarynyň soňky

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!