24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

� Eger-de biz ahyrsoňy nähilidir bir usul arkaly öňden bellenilen bolsak, onda Hudaý üçin Öz

Sözüniň bize aýtmaklygynyň zerurlygy hem bolmazdy. Onda wagyz etmegiň hem zerurlygy

bolmazdy; emma Bibliýa öwüt-nesihatlarynda bolşy ýaly bularyň göz-görtele mysallarynda

hem Sözüň wagyz edilmesi arkaly erkekleriň we zenanlaryň halas bolma geljekdiklerini

görkezýär.”Gutulyş Sözüdir” (Resullaryň Işleri 13:26) adamlara gelmelidir.

� Bizi işlerimize laýykda höküm ederler (Ylham 22:12). Eger biziň ýagşy erkli işlerimiz halas

bolma üçin wajyp bolmaýan bolsa, onda näme üçin? Pawlus ýewreýleriň Taňrynyň

Sözünden ýüz döndermeleri bilen, özlerine ebedi ýaşaýyşyna mynasyp bolmadyk

hökmünde höküm edendiklerini aýtdy (Resullaryň Işleri 16:46). Olar özlerine höküm

çykarypdylar we Hudaý olara päsgel bermändir. Eger-de biz Hudaýyň käbir adamlaryň

halas bolmagyny we käbirleriň bolsa, ýazgarylmagyny öňünden belläp goýar diýsek, onda

Onuň käbir adamlara günäkär, käbirlerine bolsa, takwa bolmagy mejbur etdirýändigi

bolýandyr. Adam Atanyň günäsi zerarly „…ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi

günä etdi” (Rimliler 5:12). Adam Atanyň günäsine çenli Hudaý olary birnäçe wagtlap

günäli bolmagy mejbur etmedi. Ynha şonuň üçin-de günäniň jezasy üçin adamlar ölýärler

(Rimliler 6:23).

� 1 Korintoslylar 10 babynda we şeýle hem Bibliýanyň başga köp ýerlerinde geçmişde

birwagt Hudaý bilen garyndaşlyk gatnaşyklarynda bolan, ýöne soňra ynanýanlar üçin

duýduryş ýaly, Ondan çetleşen adamlar barada aýdylýar. „Imandan çetleşmäniň”

(Galatýalylara 5:4) mümkindigi baradaky şol fakt halas bolma (gutulyş) sistemasynyň

ýoklugyny aňladýar, ýagny kalwinizmiň munda tassyklaýşy ýaly „birwagt halas bolan

(imanda gutulan) hemişe halas edilendir”. Eger-de biz hemişe hakyky öwgütlere ynansak,

diňe şonda biz halas edilip bilners (1 Timoteos 4:16).

� Isa Taňrynyň Sözlerine düşünmegiň biziň ýagşy erkimizň tagallalaryna hem birnäçe

derejede baglydygyny anyk aýdypdyr. „Okyjy düşünsin” (Matta 24:15). Şeýlelikde, biziň

özümiz söze düşünmäge çalyşýandyrys, hiç kim muny etmäge mejbur edenok. Bu sözleriň

we Isanyň ýygy-ýygydan gaýtalaýan sözleriniň arasynda meňzeşlik bardyr: „Kimde gulak

bar bolsa, goý eşitsin” ýa-da düşünsin. „Kimde gulak bar bolsa, goý eşitsin” diýlen sözler

Taňrynyň sözleriniň okalyşy bilen deňeşdirilýär. Taňrynyň Ruhy Onuň sözi arkaly örän

güýçli derejede aýan bolýandyr we şonuň üçin-de, Isa Onuň ruhlanan sözlerinde „Ruhyň

bardygyny” (Ýahýa 6:63) aýdyp bilipdir. Taňrynyň Ruhunyň adamyny bu söze boýun

bolmagy mejbur etmek üçin Onuň sözüne gelmezden, adama işleýşini göz öňüne geirmek

mümkin däldir.

� Hoş Habar özüniň ýaşaýyş sözüne seslenýän hemme adamlara şeýle diýýär: „Suwsan

gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn” (Ylham 22:17).

Çekeleşme 7: «Mukaddes Ruh sylagyny alarsyňyz» (Resullaryň

Işleri 2:38)

Pentikost güni uly mähelläniň öňünde çykyş edip, Petrus adamlary suwa çokundyrylma we Mukaddes

Ruhuň peşgeşini almaga çagyryp, özüniň ýüzlenmesini 38-nji aýat bilen tamamlady. Resullaryň özleriniň

mähelle bilen dürli dillerde gepleşme peşgeşlerini ulanandyklary hem-de şeýle etmek bilen, özleriniň Ýoil

pygamberiň keramatly peşgeşleriň düşünjesi baradaky weliligini (Resullaryň Işleri 2:16-20) berjaý

edýändiklerini adamlara düşündirendikleri üçin Mukaddes Ruhunyň peşgeşine salgylandy. Petrusyň özüni

mähellede diňläp duran ysraýyllylara Ruhuň keramatly peşgeşlerini wada berendigini çak etmek bolar.

Mähelle butparazlardan bolman, eýsem iudeýlerden ybarat bolupdyr (Resullaryň Işleri 2:5). Ýoil

pygamberiň peşgeşleriň berilmesi baradaky weliligi ilki bilen iudeýlere degişli bolupdyr. Şonuň üçin Petrus

olara ýüzlenip, şeýle diýipdir: „Wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçindir” (Resullaryň Işleri 2:39). Mümkin

ol Ýoilyň weliligi boýunça Ruhuň ysraýyllylara we olaryň çagalaryna ýollanjakdygyny göz öňünde tutandyr

(Resullaryň Işleri 2:17; Ýoil 2:28-32 bilen deňeşdiriň). Bu ýerde şeýle hem bu keramatly peşgeşler baradaky

wadanyň diňe iki nesle, ýagny Petrusy diňlänlere we olaryň çagalaryna salgylanandyga kakdyrylan bolmagy

hem ähtimaldyr

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!