24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Hudaýyň öz halkyna ýer bermek wadasy barada ençeme gezek aýdylýar – „seniň Rebbiň Hudaýyň saňa

eýeçilik etmäge ýer berer”. Bu jümle Täze Ähtde ýygy-ýygydan duş gelýär. Täze Ähtde „ýer” sözüne derek

„halas edilme” sözi ulanylýar, diýmek Taňry peşgeşi häzirki perspektiwada elbetde günäleri bagyşlamak

bilen utgaşykdadyr.

Petrus iudeýlere peşgeşi almakdan öňürti toba etmeklerini haýyş etdi. Bu bolsa, şahsy doga okalmagyna

getirdi. Ruhuň peşgeşiniň okalýan doga bolan jogabyň beýan edilşiniň usulydygyna ynanmaga esas bar

diýen ýaly görünýär. Dogada „dilänlere oňat zatlar bermek” – bu Mukaddes Ruhuny (peşgeşi) bermek

diýan ýalydyr (Matta 7:11; Luka 11:13 bilen deňeşdiriň). Filipililere 1:19 aýatda hem bu: „Çünki munuň

siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny

bilýärin" diýlip gürrüňsiz aýdylandyr. Şeýle hem 1 Ýahýa 3:24 aýatda biziň ündewlere boýun

bolmagymyzyň netijesinde bize Ruhuň berilýändigi aýdylýar. 22 aýatda bolsa, Onuň ündewlerini berjaý

etmegiň dileýän zadymyzy almagymyza getirýändigi bellenilýär. Şeýlelikde, biziň ynamymyz Hudaýyň

biziň dileg-dogalarymyzy nähili eşidýändigi (1 Ýahýa 5:14) hem-de Ruha eýe bolmak bilen (1 Ýahýa 3:21,

24; 4:13) şertleşýär. Görşümiz ýaly, bu aňlatmalar biri-birine laýyk gelýändir.

Köplenç „merhemet” diýlip terjime edilýän Grek sözi "charis" Taňrynyň peşgeşi bilen baglanyşykda ýygy

ulanylýandyr. „Biz Reb Isanyň merhemeti (peşgeşi bilen) bilen gutulandygymyza ynanýarys” (Resullaryň

Işleri 15:11). Şol bir wagtyň özünde-de „merhemet” sözi köplenç doga-dilege berlen jogap bilen baglanyşýar

(mysal üçin, Çykyş 33:12; 34:9; Sanlar 32:5; Zebur 84:11; 2 Korintoslylara 12:9; Ýewreýlere 4:16; Ýakup

4:6; 3 aýat bilen deňeşdiriň). Zekerýa 12:10 aýatynda ysraýyllylara „merhemet we rehimdarlyk ruhunyň”

inmeginiň soňky güni barada aýdylýar. Munuň bilen günä geçilme manyda doga-dilegiň (rehimdarlygyň)

Ruhuň peşgeşini almaga sebäp bolup bilýändigine biziň pikirimiz jemlenýär hem-de Ruhuň berilmesi

ysraýyllylaryň birinji asyrda we soňky günlerde toba gelmesi bilen tassyklanýan doga-dilegiň jogabyna

bolýandyr. Pawlus hem bu manyda toba gelmä we rehim edilmä bolan „Taňrynyň sylaglary we çakylygy”

barada aýdýar (Rimlilere 11:29).

Köşeşdiriji (Göwünlik Beriji)

Edil şol çemeleşme Ýahýanyň 14 we 16 baplarynda beýan edilen Köşeşdirijiniň wadasy babatynda hem

edilip bilner. Ilkibaşda bu resullaryň başaryp bilen keramatly güýçlerine degişli bolupdyr. Çünki wadany ilki

bilen olar alypdylar. Bu şeýle hem keramatly manyda bolman, eýsem adaty manyda bize-de degişli bolup

biler. Resullara berilýän keramatly güýçler mümkin olara Hoş Habaryň hatlaryny ýazmaga ýardam bermeli

bolandyrlar. Peşgeşler (sylaglar) „Meniň aýdan ähli zatlarymy size öwretmeli we ýadyňyza salmaly” (Ýahýa

14:26) bolupdylar. „Ýada salmak” sözüniň özi Isanyň çopançylyk döwründe, Onuň bilen ýaşap geçen

resullara Köşeşdirijini berilek wadada ajaýyp elementiň çäklerini çäklendirýär. Şol bir wagtyň özünde-de,

biziň 2.5 bölümde eýýäm görkezişimiz ýaly, „Köşeşdirijiniň” wadalarynyň dili Bibliýany doly ýazmak

güýjünde hem ulanylandyr. Şonuň üçin biz Ruhuň bu we şeýle hem beýleki wadalarynyň biziň eramyzyň

birinji asyrynda gudratlar arkaly berjaý edilendigine, ýöne häzir olaryň bize Bibliýada ýazylan Taňrynyň

Sözünde Ruhuň aýan bolmasy hökmünde degişlidigine netije çykaryp bilýäris.

Taňrynyň Ruhunyň geçmişde ýazylan söz arkaly aýan bolandygy elbetde dogrudyr. Ýöne bu häzir bizde bar

bolan doly ýazylan Taňrynyň Sözündäki (1 Korintoslylara 13:9-13) şol dolulyk („kämillik”) bilen

deňeşdirilende diňe ylhamyň ýarysy bolupdy. Şonuň netijesinde, Täze Äht ýazylyp gutarylanda peşgeşler

yzyna gaýtarylandan soňra Hudaýdan başga hiç hili ylhamyň bolup bilmedigini aýtmak bolar. Mormonyň

Kitabynda we munuň ýaly beýleki neşirlerde Bibliýanyň doly ylham däldigi baradaky pikirleriň düýp esasy

ýokdyr. Häzir Ruhy peşgeşleriň ýoklugy Bibliýanyň doly derejede ýazylandygyna tassyknama bolup ýardam

edýär. Şeýlelikde, eger-de biz Taňry ylhamynyň bütin dolulygyndan peýdalanmak isleýän bolsak, onda biz

onuň her bir bölegini, ýagny Köne hem-de Täze Ähtini ulanmalydyrys. Diňe şonda Taňry adamsy Hudaýyň

Sözünde aýan bolýan Onuň dolulygy ýaly doly derejede bolup biler.

Bap 2: Soraglar

1. Aşakda berilen sözleriň haýsylary „Ruh” sözi bilen baglanyşýar?

à) Güýç;

á) Mukaddes;

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!