24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Muňa garamazdan, köp afişalar adamlaryň şypa berijileriň tomaşasyna gelmeklerini çagyrýarlar: „Gudrat

görmägege geliň!” Psihologyň pikirine görä bu gurnalýan oýun öz-özüňi ynandyrmak ýaly we şuňa meňzeş

bolan çäreleri geçirmekde ýeňillik üçin gurnalýar. Ýöne Täze Ähtiň hiç ýerinde gudrat döretmek üçin munuň

ýaly güýçli psihologiki täsiriň zerurlygy barada asla hiç hili ýaňzydylyp aýdylan hem söz ýokdyr.

Munuň ýaly psihologiki işiň netijesine dogalary manysyz gaýtalamak, deprek owazlary we joşgundyryjy saz

arkaly ýetilýändir. Munda Hudaý barada ýa-da ýene-de bir başga bir zat barada asla hiç hili pikiriň

bolmazlygy şübhesizdir. Çünki ähli zat kellede gapylýar. Bu kitabyň ýazyjysy munuň ýaly ýygnaklara dürli

ýerlerde gatnaşandygyny ýadyna salýar we her gezek ol deprekleriň owazynda we el aýalarynyň

galgadylmasynda durnuklylygy, özüňi saklamaklygy we bibliki düşünjäni saklamak üçin göreşmekden

güýçli kelle agyrlaryna-da sezewar bolupdyr. Bularyň bary pentikost „gudraty” üçin zerur bolan nyýan bolup

görünýär hem-de munuň ýaly „sagaldyşlaryň” Taňrynyň Ruhunyň gös-göni görkezilmesi bolman, eýsem

emosional we psihologiki ýagdaýlaryň netijesidigine ýeterlikli derejede tassyklama bolup hyzmat edýär.

Mundan tapawutlykda, haçanda syrkawlar köçelerde düşeklerde ýa-da krowatlarda ýatanlarynda, Petrus bu

syrkawlary sagaltmak üçin gudratlaryň halyky peşgeşini ulanyp bilipdir (Resullaryň Işleri 5:15). Pawlus

Listr şäherinde ýaşap geçen ynamsyz häkimiň we köp sanly butparazyň gözleriniň alnynda keramatly

peşgeşden peýdalandy (Resullaryň Işleri 14:8-13). Ruhy peşgeşleriň öz maksadynyň we aslyýetiniň talap

edişi ýaly bu gudratlaryň ählisi jemagatyň öňünde alnyp barylypdyr hem-de nähilidir bolsa başga bir

manifestasiýalar bilen hiç-hili üsti ýapylmandyr. Bu Hudaýyň hyzmatçylarynyň üsti arkaly aç-açan berjaý

edilen hakyky Taňrynyň güýjüniň aýan bolmasy bolupdyr.

Munuň ýaly täsirli netije Mesihiň ýerine ýetiren sagaldyş gudratlarynyň biri tarapyndan görrkezilipdir:

„Bary (ýagny kim muny gören bolsa) haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: „Biz beýle zady asla

görmändik” diýişdiler” (Markus 2:12).

Diller

Käbirleri öň ýönekeý balykçy bolan resullar Hoş Habary wagyz edip, bütin dünýä gitmäge uly tabşyryk

aldylar (Markus 16:15-16). Mümkin olaryň ilkinji täsiri şeýle bolandyr: „Ýöne men dilleri bilemok ahbetin!”

Olara hatda: „men mekdepde asla dilleri öwrenip bilmedim” diýmek hem bolmandy, çünki olar asla hiç

haçan mekdebe-de gitmändirler. Olaryň ählisiniň daşky sypaty boýunça „olaryň okuwsyz, garamaýak

adamlardygy” (Resullaryň Işleri 4:13) ýazylypdy. Hatda has sowatly bolan wagyz-nesihatçylar (mysal üçin

Pawlus üçin) üçin hem dil kynçylygy diýseň wajyp bolupdyr. Haçanda adamlar imana gönükdirilende (Täze

Äht ýazylan bomansoň) wagyz işleri alyp barmak üçin dil bilmezlik möhüm bolupdyr.

Bu kynçylyklardan üstin çykmak üçin olara daşary ýurt dillere (ýa-da aňsatlaşdyryp aýtmak bilen „şiwe

dillerde”) düşünmeklik we geplemek peşgeşi berlipdir. „Şiwe dilleriň” hem-de özlerini „täze dünýä inen

mesihiler” hasaplap, öz wagyzlaryny „şiwe” diýip atlandyrylýan düşnüksiz bulam-bujar sesleriň arasynda

uly tapawudyň bardygy aýdyňdyr. Bu işe aýdyňlygy girizmek üçin „şiwe” sözüniň bibliki kesgitlemesiniň

„daşary ýurt dilleri” diýmekligi aňladýandygyny bellemek gerek.

Mesih asmana göterilenden soňra basym tiz wagtyň içinde ýewreýleriň Pentikost baýramyna resullar „bary

Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä başga dillerde gürläp başladylar...Halaýyk bir ýere

ýygnandy (peşgeşleriň ýene-de aç-açan ýüze çykmasy). Olar haýran galdylar, çünki hersi öz dilinde

eşidýärdi. Hemmeler haýran galdylar, geňirgenişip biri-birlerine diýdiler: „Ine, bu gepleýänleriň hemmesi

Jelileli dälmi näme?Onda biziň her birimiz nähili öz ene dilimizi eşidýäris?(„diller” ýaly terjime edilýän şol

bir grek sözi). Biz Parfiýalylar, Midiýalylar.. olaryň öz dilimizde Hudaýyň uly işlerini gürrüň berişlerini

eşidýärismi? Olaryň bary haýran galdylar” (Resullaryň Işleri 2:4-12). Ybadathana gelýänleri özlerinde

peşgeşleriň bardygy bilen ynandyryp, ýaramaz ses bilen çykýan düşnüksiz, bulam-bujar dilde häzirki

zamanda wagyz edýänlere adamlar resullaryň Işleri 2 beýan edilişi ýaly haýran galman, tersine, olar muňa

gyjalat berip, biparh garaýarlar.

Resullaryň Işleri 2 aýdylşy ýaly „şiwe” we „diller” sözleriniň manysyna aýdyň düşünmeden başga „diller”

diýlen söz Täze Ähtiň beýleki bölümlerinde „daşary ýurt dilleri” manyda aýdyň görkezilýändir. „Adamlar,

we milletler, we diller” jümlesi Ýer planetasynyň ähli halklary barada aýdylanda Ylhamda bäş gezek duş

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!