24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

guma öwürlerdi” (Eýup 34:14-15). Dawut hem göwünçökgün ýagdaýada Hudaýdan Öz Ruhunyň goldaw

bermegi bilen janynyň aman galdyrylmagyny diledi (Zebur 50:13).

4.2 bölümde biz bize we ähli ýaradylanlara berlen ruhuň biziň durmuşymyza goldaw berýän zadyň özüdigini

göreris. Biz Hudaýyň bize dünýä inenimizde (Zebur 103: 30, Ýewreýler 12:9 bilen deňeşdiriň) beren

„ýaşaýyş ruhunyň demi” içimezde saklaýandyrys. Bu Ony „Her bir janly-jandaryň ruhunyň Rebbi, Hudaýy

edýändir” (Sanlar 27:16, Ýewreýler 12:9 bilen deňeşdiriň). Hudaý bütin älemi saklaýan ýaşaýyş güýji

bolandygy üçin Onuň Ruhy hem ähli ýerdedir. Dawut nirä ugrasa-da, Hudaýyň Öz Ruhy bilen hemişe onuň

bilen bile bolandygyny boýun alypdyr we şol Ruh/güýç sebäpli hem Ol onuň aňynyň we pikirleriniň her bir

künjegini bilipdir. Şeýlelikde, Taňrynyň Ruhy – bu Onuň hatda Özüniň asmanda bolmagyna garamazdan,

Onuň ähli ýerde barlygyny görkezýän serişdedir.

„Oturyşymy, turşumy bilýärsiň; pikirlerime uzakdan düşünýärsiň...Men Seniň Ruhuňdan niräk gideýin?

Seniň huzuryňdan hiräk gaçaýyn? Säheriň ganatlaryny alyp, deňiz aňyrsynda mesgen tutsam, ol ýerde hem

Seniň eliň (Ruhuň üsti arkaly) maňa ýol görkezer, sag eliň meni tutar” (Zebur 139:2, 7, 9, 10).

Bu soraga dogry düşünmeklik bize Hudaýy güýçli aktiw bolan janly zat hökmünde açýar. Köp adamlar

Hudaýa bolan düşnüksiz ynam bilen ösüp ulaldylar, ýöne hakykatdan welin, „Hudaý” olaryň kellesindäki

diňe pikirdir, beýniniň ýarysyndaky gara ýeşikdir. Onuň Ruhy arkaly hakyky Hudaýa we biziň daşymyzda

Onuň hakyky barlygy biziň ýaşaýyş baradaky düşünjämizi doly derejede üýtgedip biler. Biz Ruh arkaly

gurşap alnandyrys we bize Hudaýy aýan edýän onuň işlerine biz hemişe şaýatlyk edýändiris. Dawut bu

barada şeýle aýdypdyr: „Bu bilim meniň üçin örän ajaýyp, belent, men oňa ýetip bilmeýärin!” ( Zebur

139:6) we şol wagtyň özünde hem muny bilmeklik bilen jogapkärçilik hem gelýär. Biz öz pikirlerimizň we

edýän işlerimiziň Hudaý üçin doly derejede açykdygyny boýun almalydyrys. Haçanda biz Onuň öňünde öz

ýagdaýymyza seredenimizde we aýratynda haçanda suwa çokundyrylma barada pikirlenemizde, muny göz

öňünde tutmalydyrys. Ýeremiýe pygambere aýdylan Hudaýyň belent sözleri şeýle hem bize-de degişlidir:

„Adam Meniň görüp bilmejek gizlin ýerde gizlenip bilermi? Diýýär Reb. Asmany we ýeri Men (Ruhum

bilen) doldurmarynmy eýsem? (Ýeremiýe 23:24).

Mukaddes Ruh

Biz Taňrynyň Ruhuny göz öňüne getirmek üçin giňişleýin düşünjedigini görýäris; bu – Onuň aňy we

häsiýetidir, we şeýle hem Onuň Öz pikirini herekete girizmek üçin ulanýan güýjüdir. „Çünki ol (adam)

içinden nähili oýlanýan bolsa, şeýledir” (Süleýmanyň Tymsallary 23:7); şeýlelikde, Hudaý – bu Onuň

pikirleri, bu manyda bu Hudaýyň şahsyýet däldigini aňladmaýan bolsa-da (ser. Çekeleşme 1), Ol Onuň

Ruhunyň Özüdir (Ýahýa 4:24). Taňrynyň Ruhunyň giňligine göz ýetirmek üçin , biz Ony „Mukaddes Ruh”

diýip okaýarys.

„Mukaddes Ruh” termini Täze Ähtde doly derejede ulanylýar. Resullaryň Işleri Kitabynyň 2-nji babynda

Pentikost güni Mukaddes Ruhyň resullaryň başyna inişi beýan ediläýr. Petrus muny „Meniň (Taňrynyň)

Ruhunyň” (Resullaryň Işleri 2:17) inişi barada aýdylyp, Ýoile berlen weliligiň amala aşyrylyşy hökmünde

düşündirdi. Köne Ähtde „Mukaddes Ruh” termini bilen bilelikde oňa golaý bolan „Taňrynyň Ruhy” ýa-da

„Rebbiň Ruhy” ýaly sözlemler ulanylýar. Luka 4:1 aýatda Isanyň „Mukaddes Ruhdan dolup, Ýordana

gaýdyp gelendigi” aýdylýar; soňra edil bu bapda hem Isa bu barada Işaýanyň hoş habarynyň berjaý bolşy

barada ýaly aýdýar: „Rebbiň Ruhy Mende bolupdy”. Mukaddes Ruhyň Taňrynyň güýji bilen şu böleklerde

utgaşyşyna üns beriň:

� "Mukaddes Ruh Seniň (Merýemiň) üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege

salar” ( Luka1:35);

� "Mukaddes Ruhuň gudraty bilen...alamatlar, gudratlar arkaly, Mukaddes Ruh arkaly" (Rimliler

15:13, 19);

� "Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size ...gudrat bilen, Mukaddes Ruh bilen..." (1 Selanikliler 1:5);

� Mukaddes Ruhuň resullara wadasy barada „ýokardan güýç geýdirilýänçä...” ýaly aýdylypdyr (Luka

24:49);

� Isanyň Özi hem „Mukaddes Ruh we gudrat arkaly... „bellenilipdi”(Resullaryň Işleri 10:38).

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!