24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

u mysalymyzda fransuz dilinden iňlis diline terjime edilmeli bolupdy. Şeýlelikde, eger-de kimdir-biri

fransuz dilinde sorag beren bolsa, onda orator fransuz dilini bilmezden, fransuzça geplemek peşgeşine eýe

bolsa-da, terjimeçiniň kömegi bolmazdan muňa düşünmäge ukyply bolmazdy. Munda oňa ýardam bermek

üçin terjimeçilik peşgeşi bolmalydy.

Zerur bolan ýagdaýda terjimeçilik peşgeşine eýe bolan adam bolmasa, dil peşgeşini ulanyp bolmaz: „...biride

manylandyrsyn. Düşündirýän ýok bolsa, onda ýygnakda dym” (1 Korintoslylar 14:27-28). Haçanda

häzirki zamanda özlerini „dil” bilýänler diýip hasaplaýanlar hiç kimiň düşünip bilmejek dilinde gepleseler

hem-de terjimesiz gepleseler, onda bu görnüş Pawlusyň buýruklaryna boýun bolunmaýandygy aýdyň

görkezýändir.

Aýatlar 32, 33:

„Pygamberleriň ruhlary pygamberlere tabyndyr; Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler

ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr”.

Şuňa görä-de, Mukaddes Ruhuň peşgeşlerine eýe bolmaklyk bu peşgeşleriň adamy normal akyl ýetirme

realinden daşlaşdyrýandygy baradaky düşünje bilen bagly bolmaly däldir: Ruh – bu peşgeşler ýollanan

adamyň subýektidir, bu adamyň öz hereketlerini dolandyrmaga erksiz edip gurşap alýan güýç däldir.

Köplenç arwahlaryň ýa-da „zalym ruhlaryň” imansyz bolan adamlarda, Mukaddes Ruhuň bolsa, imanly

bolan adamlarda mesgen tutýandyklary barada nädogry hasap edýärler. Ýöne 1 Korintoslylar 14:32 aýatda

aýdylýan Ruhuň güýji oňa eýelik edýäniň barlagynyň aýry çäklerine çenli degişli bolandyr. Mundan başgada,

öňünçä aýdyp geçişimiz ýaly Mukaddes Ruhuň güýçleri belli bir iş üçin kesgitli wagtda resullara

inipdirler hem-de olar bilen hemişelik galmandyrlar.

Peşgeşlere eýe bolanlar olary Taňrynyň parahatlyga bolan niýetine laýyklykda peýdalanmalydyrlar. Onuň

tertipsizlige bolan ýigrenji (33 aýat) bolsa, pentikost ybadatçylaryna degişli bolmagy häzir ähtimaldyr.

Aýat 34:

„Ýygnaklarda aýallaryňyz geplemesin, çünki olara geplemäge rugsat edilen däldir. Olar kanunyň hem

aýdyşy ýaly tabyn bolmalydyrlar”.

Ruhuň peşgeşlerinden peýdalanmak bilen baglylykda, aýallaryň ybadat gullugynyň dowamynda olardan

peýdalanmaly däldikleri aýratyn nygtalýar. Emma häzir jemagatyň içinde bir adamdan beýleki adama

geçýän emosional joşgun bilen düşündirilýän bulam-bujarly gepleşikde munuň ýaly kanuna köpçülikleýin

närazylyk bildirilýär. Aýallar, çagalar hem-de aslyýetinde muňa gönükdirilen islendik adam saklap bolmajak

joşguna gaplanyp bilner. Şonuň üçin olaryň gopgunly gykylyklary „daşary ýurt” dilleri kimin kabul edilip

bilner.

Aýallaryň „Dillerde geplemeklik” we „pygamberlik” diýilýän häzirki zaman ybadathanalaryndaky göze

ilýän orny 34-nji aýadyň anyk tabşyryklary bilen gabat gelip bilmeýär. Pawlusyň aýallary ýigrenýärmiş

diýlen gürrüň gülkünç we ähmiýetsizdir. Indiki aýat muňa gös-göni garşydyr: „Özüni pygamber ýa-da ruhda

kämil saýýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň (eýsem Pawlusdan däl) buýrugydygyny aňlasyn” (1

Korintoslylar 14:37).

Şonuň üçin Hudaý tarapyndan ylhamlanan bibliýa ynanýan islendik imanly 1 Korintoslylaryň 14 babynda

berlen buýruklara çynlakaý çemeleşmelidigini kabul etmelidir. Bulara doly derejede äsgermezlik etmeklik

diňe Hudaý tarapyndan ylhamlanan Hoş Habara bolan ynamyň ýoklugyny aňladyp biler ýa-da özünde ruhy

peşgeşe eýe bolmak ukybyň ýoklugyna göz ýetirme bolar. Munuň ýaly garaýyşly adam 1 Korintoslylar 14

biziň üçin Hudaýyň tabşyryklarydygyny inkär eder. Bu tassyknamanyň özeni hakykatdan hem güýçli

weýran edijidir. Munuň içinde siz nädip munuň ýaly ybadathananyň agzasy bolup ýa-da hatda oňa

gatnaýanlar bilen gatnaşygy saklamaga islegde bolup bilersiňiz?

2.4 Peşgeşleriň yzyna gaıtarylyşy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!