24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Pawlus özüniň wagyzny ýalana çykaryp bolmajak Taňrynyň gudratlarynyň ýüze çykmasy bilen berkedip

bilipdir: "Sözüm hem wagzym ...Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy" (1 Korintoslylar 2:4).

2.2 Taňrydan ruhlanma ylhamy

Biz Hudaýyň Öz Ruhy arkaly ýüze çykarýan Taňry Ruhuny Onuň güýji, pikirleri we häsiýeti hökmünde

kesgitledik. Mundan öňki bölümde biz Taňrynyň Ruhunyň dünýäni nädip ýaradyşyny belläp geçdik: „Onuň

ruhundan asmanyň ajaplygy” (Eýýup 26:13) – Taňrynyň Ruhy dünýäni ýaratmak üçin suwuň ýüzünde

gaýmalapdyr (Barlyk kitaby 1:2). Şol bir wagtda bolsa biz „Gökler Rebbiň sözi bilen ýaradyldy” (Zebur

33:6). „Barlyk” Kitabynda Taňrynyň Sözi älemiň ýaradyjysy hökmünde gelýär. Şonuň üçin bu Onuň

sözünde hem edil biziň sözümiziň biziň oý-pikirlerimizi görkezip, hakykatda „bizi” we örän dogry derejede

görkezilişi ýaly örän güýçli görkezilýändir. Isa akyl paýhas bilen: „Çünki agyz ýüregiň (aňyň) dolulygyndan

sözleýändir” (Matta 12,:34). Şonuň üçin eger-de biz öz sözlerimizi kontrollyga lamagy isleýän bolsak, biz

ilki bilen öz oý-pikirlerimizden başlamalydyrys. Taňrynyň Sözi – Onuň Ruhunyň ýa-da pikirleriniň keşbidir.

Bizde Bibliýada Taňrynyň ýazylan sözleriniň bardygy hem-de Taňrynyň Ruhuna ýa-da Onuň aňyna düşünip

bilýändigimiz gör nähili ýagşy. Hudaý ýazylan sözlerde Öz Ruhuny şeýle gudratly edip görkezilmesine

TAŇRYDAN RUHLANMA YLHAMY arkaly ýetdi. Bu termin „RUH” sözünde esaslanandyr.

TAŇRYDAN- RUHLANMA- YLHAMY

„Ruh” dem diýmegi aňladýandyr. „Taňrydan ruhlanma ylhamy” diýlen jümle özüniň manysy boýunça

„ruhlandyrmak” diýen söze ýakyndyr. Bu Bibliýany ýazanlaryň ählisiniň Taňrynyň ruhlandyrmasy boýunça

ýazandyklaryny aňladýandyr. Resul Pawlus bolsa Temoteusa ýüzlenip, Bibliýanyň keramatynyň Taňry

Ruhunyň sözlerinden ybaratdygyny hem-de bize Hudaý barada bilmeli zatlaryň ählisini berýändigini

unutmazlyga çagyrdy:

„Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary

oglanlykdan bäri bilýärsiň. Ýazgyularyň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin

taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr” (2

Tim. 3:15-17).

Eger-de ylhamlanan Mukaddes Ýazgylar Hudaý barada munuň ýaly doly bilimi berip bilýän bolsa, onda bize

Hudaý barada hakykaty bermek üçin nähilidir bir „içki ýagtylyk” üçin zerurlyk ýokdyr. Ýöne adamlar öz

duýgylaryny we şahsy tejribelerini özleriniň Hudaý baradaky düşünjesiniň çeşmesi barada ýaly köp

aýdýarlar. Eger-de Taňra bolan imany kabul etmek üçin adamyň mesihi durmuşyny doly derejede

baýlaşdyrmak üçin ýöne ruhlandyryjy sözler ýeterlikli bolýan bolsa, onda öz durmuşymyzdan başga bir

dogrulygy gözlemegiň zerurlygy şok ekeni. Eger-de munuň ýaly zerurlyk bar bolýan bolsa, onda Pawlusyň

bu edil şeýle bolar diýip aýtmagyna garamazdan, Taňrynyň Sözüniň bizi doly gurşap almadygyny

aňladýandyr. Ellerimizde Bibliýany saklamak hem-de Taňrynyň Ruhy Sözüniň hakykatdan hem nämedigine

göz ýetirmek üçin aýratyn bir iman talap edilýändir. Ysraýyllylar hem edil köp „mesihileriň” häzirki wagtda

berjaý edişleri ýaly Taňrynyň Sözüne aýratyn gyzyklanypdyrlar. Biziň hemmämiz Pawlusyň şu aýdan

sözlerine üns bilen garamalydyrys:

“Çünki Hoş Habar bize wagyz edilişi ýaly, olara-da (çöldäki ysraýyllylara-da) wagyz edildi, ýöne eşiden

sözlerini iman bilen utgaşdyrmanlary üçin onuň olara peýdasy bolmady” (Ýewreýler 4:2).

Biziň kabul edýän Taňrynyň Ruhunyň/Sözüniň güýjüne doly iman bilen galmagyň deregine biz has gysga

usuldaky bolan dogry ruhy ýoly has ajaýyp görýäris: ýagny durmuşymyzy öz islegimiz boýunça Taňrynyň

Sözüne boýun egdirmek bilen onuň agyrysyny duýup, munda Taňrynyň Ruhuna kalbymyza çynlakaý täsir

etmäge ýol berenden, takwalyk güýjüniň özüniň bizi ýagtylandyryp, bizi Hudaýa golaý etjekdigi barada has

oýlanýarys.

Taňrynyň Sözünde jemlenen ummasyz ruhy güýjüni kabul etmäge bu isleg bildirilmezlik köp „mesihileriň”

bütin Mukaddes Ýazgylaryň hakykatdan hem Hudaý tarapyndan doly derejede ruhlandyrylandygyna akyl

ýetirmek üçin döreden köp sanly soraglarynyň netijesi boldy. Olar Mukaddes Ýazgyda (Bibliýada) köp

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!