24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Şeýlelikde, Bibliýanyň Kitaplary ýazyjylaryň eseri bolman, eýsem Taňrynyň zähmeti bolupdyr. Täze Ähtiň

Köne Ähtiň Ýazgylaryna bolan garaýşy hem munuň tassyknamasy bolup hyzmat edýändir:

� "Mukaddes Ruh Dawudyň agzy bilen ozaldan bildiren ýazgysynda bildirdi..." (Resullaryň Işleri 1:16.

Petrus Zeburyň aýatyny şeýle beýan edipdir: Ýewreýler 3:7 bilen deňeşdiriň).

� "Mukaddes Ruh Işaýa pygamber arkaly atalarymyza gürrüň berip, gowy aýdypdyr" (Resullaryň Işleri

28:25 – Pawlus Işaýa pygamberi şeýle beýan edipdir). Luka 3:4 aýatda „ Işaýa pygamberiň kitaby”

hakynda aýdylman, eýsem „Işaýa pygamberiň sözleriniň kitaby” barada aýdylýar.

Şonuň üçin irki döwrüň hristianlary üçin Bibliýanyň ýazyjylary wajyp bolmandyr. Diňe olaryň sözleriniň

Mukaddes Ruhuň ruhlandyrmasy astynda ýazylandygy baradaky hakykat wajyp bolupdyr.

Biz Taňry Ruhunyň bize Onuň ýazylan sözi arkaly aýan bolýandygyny görkezýän aýatlar bilen bu baby

gutararys:

� Isa: "Meniň size aýdýan sözlerim…ruhdyr" (Ýahýa 6:63); Ol Hudaýdan ruhlanyp aýdypdyr (Ýahýa

17:8; 14:10).

� Biz Ruhdan (Ýahýa 3:3-5) we şeýle hem Taňrynyň Sözünden gaýtadan dogulanlar hökmünde beýan

edilýäris (1 Petrus 1:23).

� "... Reb Sabanyň Öz Ruhy bilen öňki pygamberler arkaly ýollan kanunlaryny we sözlerini eşitmezlik

üçin" (Zekerýa 7:12).

� "Men üstüňize Ruhumy dökerin, size sözlerimi aýdýaryn" (Süleýmanyň Tymsallary 1:23) – bu sözler

Taňrynyň Sözüniň hakyky düşünjesini Onuň Ruhunyň bize ýetirýän täsiri bilen utgaşdyrýar –

kitaplara düşünmezden okamaklyk hiç hili peýda bermez, çünki Taňrynyň Ruhy/aňy bize açylmaýar.

Taňry Sözüniň güýji

Taňrynyň Ruhy diňe bir Onuň aňyna/häsiýetine degişli bolman, eýsem Ol Öz pikirlerini bildirýän güýjüne

hem degişli bolandygy üçin Onuň Ruhunyň – diňe bir Onuň aňynyň ýüze çykmasy bolman, eýsem Onuň

Sözünde şeýle hem dinamiki güýjüniň bardygyny aýtmak bolar.

Bu güýjüň dogry bahasy bize ondan peýdalanmaga itergi berýär. Munuň ýaly hereketler bilen baglanyşykly

bolan islendik howsalaly duýgylar halas bolma ugrunda bu durmuşyň netijesiz başagaşlyklaryndan gitmek

üçin bize talap edilýän güýji berýän Taňrynyň Sözüne boýun bolma bilimimiz bilen düzlener. Pawlus özüniň

uly durmuştejribesinden ugur alyp şeýle ýazypdyr:

"Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene Hudaýyň gutulma güýjüdir" (Rimliler

1:16).

Şonuň üçin Bibliýany öwrenmeklik hem-de ony öz durmuşymyzda ulanmaklyk dinamiki prosesdir. Haçanda

Bibliýanyň käbir bölümlerine düşünmäge ýa-da olary durmuşda peýdalanmaga dyrjaşmazdan, gysgaça

aýdylsa, bu teologlaryň sowuk akademiki ugurlaryna we şeýle hem „amatly bolan” hristian iman edilmeler

bilen düýbünden gabat gelmeýär. „Hudaýyň sözi diri we täsirlidir”, „Özüniň (Taňry) güýçli Sözi bilen”

(Ýewreýler 4:12; 1:3). „Hudaýyň Sözi…Siz imanlylarda işleýän sözdür” (1 Selanikliler 2:13). Özüniň Sözi

bilen Hudaý hakyky ynanýanlaryň aňyna gündelik her sagat aktiw derejede hereket edýändir.

Şonuň üçin siziň öwrenýän Hoş Habaryňyzyň esasy ylhamy Hudaýyň hakyky güýjünden ybaratdyr. Eger-de

siz muny berjaý etmäge rugsat berseňiz, onda siziň bu durmuşyňyzda Taňrynyň Ruhuny/aklyny birneme

derejede ýüze çykaryp we Mesih dolanyp gelende Hudaýyň ruhy häsiýetine geçmäge taýýarlap (2 Petrus

1:4), durmuşyňyza täsir edip biler hem-de sizi Taňrynyň perzendine öwrer. Pawlusyň wagyz etmesi „Ruhuň

we Onuň güýjüniň görkezilmeginde” boldy (1 Korintoslylar 2:4).

Biziň daş-töweregemizi özlerini Mesihiň yzyny eýerijiler hasaplap, Bibliýa Taňrynyň Sözi hökmünde

ýarym-ýalta ynanýanýanlar gurşap alandyr. Şeýlelikde, olar özleriniň Hudaýa bolan ynamy barada

aýdýarlar, ýöne şol bir wagtyň özünde-de, Onuň hakyky şahsyýet hökmünde bardygyny kabul etmeýärler.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!