24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Mesihiň öwgütlerine ynanmaga ýol berdi. Reb Ikoniýada hem „olaryň elleri bilen alamatlar,

gudratlar görkezip, Öz merhemeti baradaky söz üçin güwä” berdi (Resullaryň Işleri 14:3).

Wagyz etme boýunça resullaryň boýun bolmasy barada şu sözler arkaly ählisini jemlemek bolar: „Olar-da

çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz

sözüni tassyklaýardy” (Markus 16:20).

Aýratyn döwürlerdäki aýratyn işler

Bu ruhy peşgeşler aýratyn işler üçin aýratyn döwürlerde berlipdir. Bular bütin ömrüň dowamynda hemişe

täsin peşgeşe eýediklerini ynandyrýan adamlaryň ýalňyşlygyny görkezýärler. Isa asmana göterilenden soňra

basym resullar we şeýle hem Petrus „ählisi Mukaddes Ruhdan doldular” (Resullaryň Işleri 2:4). Şonuň üçin

olar hristian Hoş Habary joşgunly äheňde wagyz etmek üçin beýleki dillerde gürläp bilipdirler. Haçanda

häkimlikler olara çäre görmäge çalşanlarynda „şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup” olara ynandyryjy

jogap bermegi başarypdyr (Resullaryň Işleri 4:8). Zyndan azat edilenden soňra olar Ruhuň täsiri astynda

bolup, wagyz etmelerini dowam etdiripdirler hem-de „ähli Mukaddes Ruhdan dolupdyrlar hem-de Taňrynyň

sözüni gaýratly sözlemäge başladylar” (Resullaryň Işleri 4:31).

Bulary üns bilen okaýan okaýjynyň bu aýatlarda haçanda olaryň bu işleri ýerine ýetirenlerinde „olaryň

Mukaddes Ruhdan eýýäm dolandyklary” aýdylmaýandygyny bellemegi mümkindir. Olar aýratyn bir işleri

ýerine ýetirmek üçin Ruhdan dolan bolupdyrlar. Ýöne Taňrynyň islegindäki bolan soňky işleri berjaý etmek

üçin olar ýene-de Ruhdan dolmaly bolupdyrlar. Pawlus hem edil şonuň ýaly bolup, özüniň suwa

çokundyrlmasy mahaly „Mukaddes Ruhdan dolupdyr”, ýöne birnääçe ýyl geçenden soň betpäl adamy kör

edip jeza bermek üçin ol ýene-de „Mukaddes Ruhdan dolmaly” bolupdyr (Resullaryň Işleri 9:17; 13:9).

Täsin peşgeşler barada aýtmak bilen, Pawlus irki döwür ynanýanlaryň bu peşgeşlere „Mesihiň sylagynyň

ölçegine görä” eýe bolandyklaryny ýazyp geçipdir. „ÖlçegÖ diýen grek sözi „kesgitli bölek ýa-da dereje”

diýmekligi aňladýandyr (Strongyň alfawit görkezmesi). Ölçegsiz peşgeşlere diňe Isa eýe bolupdyr, ýagny Ol

olary doly derejede Özüniň isleýşine görä ulanypdyr (Ýahýa 3:34).

Biz häzir biziň eramyzyň birinji asyrynda has ýygy ulanylandygy barada aýdylýan ruhy peşgeşler barada

durup geçeris.

Biziň eramyzyň birinji asyryndaky weliligiň ruhy peşgeşleri

„Pygamber” diýen grek sözi „Taňrynyň Sözüni wagyz edýän adam” diýmegi aňladýandyr, ýagny wagtalwagtal

geljek wakalary öňünden aýdylmaly bolan Taňrynyň sözlerini aýtmaga ruhlanan islendik adamdyr

(ser. 2 Petrus 1:19-21). Şeýlelikde, wakalary öňünden aýtma peşgeşe eýe bolan weli (pygamber) adamlar –

„Iýerusalimden Antakiýa geldiler, bulardan Agabus atly biri galyp, bütin dünýäniň başyna uly açlyk

gelmelidigini Ruh arkaly bildirdi (bu hem kaýsar Klaudiusyň zamanynda boldy). Şonda Ýahudada ýaşaýan

doganlara goldaw üçin şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan pul ýollamagy karar geldiler”

(Resullaryň Işleri 11:27-29). Birnäçe ýylyň dowamynda doly derejede berjaý bolan munuň ýaly adaty

bolmadyk welilik häzirki zamanda özleriniň welilik peşgeşlerine eýediklerini nygtaýan adamlaryň arasynda

asla ýok diýen ýalydyr. Şol bir wagtda irki zamanyň imanlylary bu peşgeşiň diňe özlerinden birinde

bolandygyna şeýle bir ynamly bolupdyrlar welin, bular hatda öňünden aýdylan bu betbagtlyga uçrajak

adamlara kömek bermek üçin özleriniň wagtyny we pul serişdelerini hem sarp edipdirler. Häzirki zamanda

„Hudaý tarapyndan ylhamlanan” diýilýän ýygnanyşyklarda (ybadathanalarda) munuň ýaly mysallara duş

gelmek köp bolmasa gerek.

Sagaldyş

Resullar ýerde Taňrynyň Şalygynyň boljakdygy barada hoş habarlary („Ýwengelion”) wagyz edendikleri

sebäpli olar öz sözlerini gudratlar bilen tassyklamaly bolandyklary aýdyňdyr. Bu gudratlar haçanda „körleriň

gözleri açylar, kerleriň gulaklary açylar. Şonda agsak aýagyna galar...” (Işaýa 35:5-6) diýlen sözleriň nähili

zamanda boljakdygy barada oýlandyrmaly bolupdyr. Taňrynyň Şalygy barada 5-nji Bapda has jikme-jik

aýdylar. Haçanda Taňrynyň Şalygy ýerde bolanda şonuň ýaly wadalar munuň ýaly ýarym-ýalta berjaý

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!