24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

ýazylan zatlary gartaşan akyldar adamlaryň şahsy pikirleri diýip oýlanypdyrlar. Ýöne Petrus munuň ýaly

özdiýenli çaklamalary aýgytly derejede inkär edýär:

"Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi. Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç

biriniň öz-özünden many çykarma däldigini bilip bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz. Çünki welilik hiç

haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete

gelip gepläpdirler" (2 Petrus 1:19-21).

Mukaddes Ýazgy ýazanlar

Mukaddes Ýazgynyň doly derejedäki Taňry ruhlandyrmasyna bolan berk ynamyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Mukaddes Ýazgyny ýazan adamlar Ruhyň täsiriniň astynda bolupdyrlar. Ruh olary ruhlandyryp ýörelge

salgy beripdir. Şonuň üçin-de olaryň aýdan sözleri olaryň öz şahsy sözleri bolmandyr. Taňrynyň Sözi

hakykat bolandygy (Ýahýa 17:17) we käýemek hem-de ýola getirmek üçin peýdalydygy (2 Timoteos 3:16)

sebäpli köp adamlaryň mundan çekilýändikleri geň däldir. Çünki hakykat agyry getirýär. Haçanda Ýeremiýe

pygamber özüne Hudaýyň ruhlandyrýan sözlerini agzanynda uly nägilelikleri eşidipdir. Şonuň üçin ol

özüniň Ondan alýan sözlerini göçürmezlik hem-de çap etmezlik kararyna gelipdir. Ýöne Taňrynyň Szölerini

ýazmaklyk adam islegi bolman, eýsem Hudaýyň erkiniň netijesi bolandygy sebäpli onda baýga hiç hili

çykalga galmandyr. „Her gün meniň üstümden gülünýär, her kim meni masgaralaýar… Şonda men şeýle

oýlandym: „men Ol hakda ýatlatmaryn we gaýdyp Onuň adyndan geplemerin”; ýöne meniň kalbymda

süňklerime siňen ýanýan ot kimin boldy, men ony saklap halys güýçden gaçdym we ony saklap bilmedim"

(Ýeremiýa 20:7, 9).

Munuň ýaly-da, haçanda Balam Ysraýyly näletlemäge doly karara gelende, oňa derek Taňrynyň Ruhy oňa

Ysraýyla ak pata berdirmäge mejbur edipdir (Sanlar 24:1-13; Ikinji Kanun 23:5 bilen deňeşdiriň).

Hudaýyň Öz Sözüni wagyz etmäge ruhlandyran adamlary wagtal-wagtal muny ýerine ýetirmek islemeselerde,

ol adamlaryň sany haýran galdyrýar. Ynha olaryň san ýazgysy:

� Musa (Çykyş Kitaby 4:10);

� Ýezekil (Ýezekil 3:14);

� Ýunus (Ýunus 1:2-3);

� Pawlus (Resullaryň Işleri 18:9);

� Timoteos (1Timoteos 4:6-14);

� Balam (Sanlar 22-24);

� Ýeli (Eýup 32:6-20);

Bularyň bary 2 Petrus 1:19-21 aýatlarynda aýdylan sözleri tassyklaýar, ýagny Taňrynyň Sözi – bu adamlaryň

şahsy pikirleriniň bildirmesi bolman, eýsem Taňry tarapyndan ruhlandyrylmanyň netijesidir, ýagny olara

aýan edilen zatlary ýazmaklykdan ybarat bolupdyr.

Munuň beýleki subutnamasy bolsa, Mukaddes Ýazgyny ýazyjylaryň öz ýazan zatlarynyň hemmesine

düşünmäge ukypsyz bolandyklarydyr. Olar dogry düşündirmäni hem-de özleriniň ýazanlary barada

„gözläpdirler”, çünki „häzir size yglan edilen zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara

äşgär boldy” (1 Petrus 1:9-12). Özleriniň gözleýän şol sözleri hakykatda olaryň özleriniňki bolmandyr.

Olaryň özleri-de bularyň manysyna düşünmäge çalşypdyrlar. Bu aýatlar munuň gürrüňsiz subutnamasydyr:

Daniýel (Daniýel 12:8-10); Zekerýa (Zekerýa 4:4-13); Petrus (Resullaryň Işleri 10:17).

Eger-de bu adamlar diňe ýarym derejede ruhlanandyrylan bolsalar, onda biz hakyky Sözi ýa-da Taňrynyň

Ruhuny bilmeris. Eger-de olar Taňrynyň Sözüni ýazan bolsalar, onda olaryň Mukaddes Ýazgyny ýazan

mahaly doly derejede Taňrynyň Ruhunyň täsiriniň astynda bolandyklaryny aýtmak bolar. Mukaddes

Ýazgynyň Sözleriniň doly derejede Hudaýdan çykýandygyna akyl ýetirme bizi Ýazgyny (Bibliýany)

okamaga we oňa boýun bolmaga ruhlandyrýar. „Seniň sözüň gaty sap, bendäň ony söýýär” (Zebur 119:140).

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!