24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

aýat 3:

„Ol seni boýun egdirýärdi, açlyk

çekdirýärdi, we manna bilen

naharlapdy... adam diňe çörek bilen

däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan

her bir söz bilen ýaşaýandygyny

görkezmek üçin“.

aýat 5:

„Seniň Hudaýyň Rebbiň ynsanyň öz

ogluna öwredişi ýaly, saňa-da

öwredýändigini ýürekden bilgin“.

„Ahyrsoňy (Isa) ajykdy“. Ýahýa 6

bapda Isa manna Özüniň çölde ýaşan

Taňrynyň Sözi diýýär. Isa Özüniň

ruhy taýdan Taňrynyň Sözi bilen

ýaşandygyny bildi. Ol şeýle jogap

berdi: Он ответил: „Adam diňe

çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň

agzyndan çykan her bir söz bilen

ýaşaýandyr“.

Isa Özüniň başyndan geçirenlerine

şübhelenen bolmagy-da ähtimaldyr.

Hudaý Öz Ogly Isa jeza berdi (2

Patyşalyk 7:14; Zebur 89:32).

Isa şeýdip Sözi nähili okamalydygyny we düşünmelidigini bize görkezdi. Ol Özüni

ysraýyllylaryň çölde bolan wagtyndaky ýagdaýda goýdy. Şonuň üçin hem Ol olaryň ol ýerdäki

sergezdançylyk tejribesinden bilenlerini Özüniň çöldäki synaglarynda berjaý etdi.

Çekeleşme 21: Asmandaky uruş

Ylham 12:7-9: „Gökde uruş turdy: Mikaýyl we onuň Perişdeleri ajdarha bilen uruşdylar.

Ajdarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berd. Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini

elden berdiler. Iblis ýa şeýtan diýlip atlandyrylan uly ajdarha, bütin dünýäni azdyran köne ýylan

perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy“.

Bar bolan pikirler:

Bu asmanda Perişdeleriň arasynda gozgalaň hakdaky pikiri döretmek üçin ulanylýan iň belli

parçalardan biridir. Munuň netijesinde iblis we onuň perişdeleri ýere kowulanmyş we ol ýerde

ýylan keşbine girip, ýerde betbagtçylyklary we günäni döretmäge başlanmyşlar.

Biziň takyklamalarymyz:

1. Biziň bu bapda öwrenlerimiziň bary bu parçany ara alyp maslahatlaşmak üçin

ulanylmalydyr. Biz Perişdeleriň günä edip bilmeýändiklerini hem-de asmanda gozgalaňyň

hem bolmaýandygyny aýdypdyk. Şeýlelikde, bu parça, bu bolsa, günäli perişdeleriň

bardygy ýa-da olaryň adamlara günä etmäge mejbur etdirýändikleri baradaky pikirleriň

bolmazlygy üçin has gowy derejede düşünmelidir. Çünki biziň bilşimiz ýaly, günä

daşymyzdan gelmän, eýsem ýz içimizden çykýandyr (Markus 7:20-23).

2. Eger-de ýylanyň asmandan kowulşy hakda aýtsak, onda onuň ol ýerde kowuzlmazdan

hem öň bolandygyna pikir döreýär. Ýöne hakyky ýylany Hudaý Erem bagynda ýeriň

gumundan ýaradypdy (Barlyk 1:24-25). Iblisiň asmandan inip, ýylanyň içine girendigi

barada oýlanmaga esas ýokdur.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!