24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Hakyky imanlylara, ýagny Bibliýanyň hakyky doktrinalaryna ynanýanlara „päk gyz” diýilip

atlandyrylýar. Bu olaryň ýaşamaly boljak durmuşynyň päk bolmagyny hem-de laýyk bolan teni

aňladypdyr. Çünki hakyky teniň köp funksiýalarynyň bolşy ýaly hakyky imanlylar ýygnagynda-da

uly jogapkärçilik bardyr we dürli funksiýalary berjaý edýändir. Haçanda imanlylar ýygnagyna

„ten” diýlende, hiç kim ony nähilidir bir şahsyýet bilen bulaşdyrýan däldir. Eger-de sözler dogry

terjime edilen bolsa ýa-da eger-de erkekler we aýallar geçen günleriň ýalançy ybadathanalardan

gelýän ýalan pikirleri kabul etmedik bolsalar, adamlar şeýle hem iblisi ýa-da şeýtany nähilidir

bolsa bir asman „aýylganjy” ýa-da günä batan perişde ýaly kabul etmeýärler.

Robert Robertsiň „Hristiançylyň azaşmasy” atly kitabyndan adaptirlendi.

Çekeleşme 6: Kalwinizm

Birnäçe ýyl mundan ozal Kalwin biziň ýaşaýşymyzyň takdyry barada özüniň ideýasyny ýüze çykardy.

Şonuň üçin ýagşy erk baradaky biziň çözgüdimiz biziň halas bolmagymyza hiç hili ähmiýet ýokdyr – ýagny,

biz halas bolma üçin ýa öňünden bellenilendiris ýa-da ondan ýüz dönderilendiris. Bu pikir birnäçe häzirki

zaman ideýalarda üýtgedildi:

� Bibliýany ýa-da dini öwrenmek üçin uly tagallalary ýerine ýetirmegiň haýry ýok. Çünki eger-de biz

halas edilmeli bolsak, onda biz islendik ýagdaýda-da halas edileris.

� Bize günä etmäge itergi berýän we biziň öz erkimize bagly bolmazdan, durmuşymyza kynçylyklary

salýan iblis atly jandar bardyr. Bu ýalan düşünje 6 bapda çözülýär.

� Durmuşyň dürli ýagdaýlarynda Taňrynyň hemaýaty soramaga serurlyk ýok. Ähli zadyň

takdyry öňünden bellenilendigi üçin syýahat wagty howpsyzlyk barada hemaýat soramak

mysal bolup biler. Dünýäde bir nakyl bar. Muny köplenç aýroportlarada eşitmek bolar:

„Eger-de siziň reýsiňiz ugramaly bolsa, onda ol ugrar”.

� Hoş Habary wagyz edýän ybadathanalar Mukaddes Ruh itergi bermezden, Bibliýa

ynanmagyň ýa-da oňa düşünmegiň mümkin däldigini öwredýär.

Munuň ýaly filosofiýadan ýüze döndermek üçin Bibliýanyň dogry sebäpleri bardyr:

� Hudaýa boýun bolmagyň bütin konsepsiýasy biparh bolup galýar. Bibliýada hemişe bize

Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmelidigimizi we diňe şeýle etmek bilen, Ony şatlandyryp

ýa-da gaýgylandyryp bilýändigimizi aýdýarlar. Eger-de Hudaý bizi boýun bolmaga mejbur

etse, onda bu konsepsiýa manysyny ýitirýär. Mesih „gulak asanlaryň hemmesi üçin” halas

bolmagy teklip edýär (Ýewreýler 5:10).

� Ýewreýler 11 babynda Hudaýyň biziň durmuşymyza gatyşmasynyň we biziň halas

bolmagymyzyň soňky görkezmesiniň biziň imanymyz bilen deň gelýändigi aýdylýar. Egerde

ähli zat öňünden bellenilen bolan bolsa, onda Hudaýdan kömek sorap doga bilen

ýüzlenilýän Bibliýanyň köp mysallary durmuşyň agyr pursatlarynda manysyny ýitirýär. Edil

munuň ýaly halas bolma baradaky ideýa hem biziň Mesihe bolan ynamyzyň netijesi

hökmünde manysyz bolýar.

� Suwa çokundyrylma halas bolma üçin başlangyç bolup ýardam edýär (Markus 16:16; Ýahýa

3:3-5). Muny kalwinistler kabul etmeýärler. Emma halas bolma Mesihiň eden işleri zerarly

mümkin boldy (2 Timoteos 1:10) hem-de öňden bellenme abstrakt konsepsiýasynyň

netijesi däldir. Biz muny suwa çokundyrylma usuly bilen ýerine ýetirip, düşünjeňlik bilen

Onuň bilen garyndaş bolmalydyrys. Rimliler 6:15-17 aýatlarynda biziň häkimlerimiziň

çalyşlary we günäli durmuşdan boýun bolma durmuşa geçilşi barada aýdylýar. „Boýun

bolmak üçin üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, onuň siz gullary bolarsyňyz”.

Özüňi boýun etmä bermek baradaky bu dil şertleýin bolmadyk öňden bellenmäniň

garşysyna biziň ýagşy erkimiz barada anyk aýdýar. Özüňi bagyş edip berme Hoş Habaryň

öwgütleriniň obrazy boýunça tüýs ýürekden boýun bolma arkaly bolup geçýär (Rimliler

6:17).

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!