24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Emma, Taňrynyň Ruhunyň şahsyýetdigine ynanýan käbirleriniň muňa bibliýa taýdan düşündiriş

bermäge synanyşýandygyny bellemeklik ýerliklidir. Şahsyýetiň dilinde Taňrynyň Ruhy barada

aýdylýan aýatlar agzalýar, mysal üçin, „Göwünlik Beriji” (Ýahýa 14:16) ýa-da Ruhuň

„gynandyrylandygyna” salgylanmalar getirilýär.

4.3 bölümde biz ynsan „ruhunyň” närazy bolup (Resullaryň Işleri 17:16), gamlanyp (Barlyk Kitaby

41:8) ýa-da şatlanyp (Luka 10:21) bilýändigi barada gürrüň edýäris. Hereketi döredýän ynsan

„ruhy”, ýagny onuň öz barlygy, onuň aňy we niýeti barada aýratyn bir şahsyýet hökmünde

aýdylýar. Ýöne, elbetde bu göni manyda kabul edilýän däldir. Taňrynyň Ruhy barada hem şeýle

usul bilen aýtmak bolar.

Haçanda Bibliýada abstrakt düşünjeler hakynda aýdylanda, janly nusga diliniň ýygy

ulanylýandygyny göz öňüne tutmak gerekdir. Mysal üçin, Süleýmanyň Tymsallarynda 9:1 akylpaýhas

barada edil zenan hakynda ýaly aýdylýar. Bu eger-de adamyň işlerde akyl-paýhasa eýe

bolan bolaýsa, onuň nähili bolup biläýjekdigini görkezýär. Akyl-paýhas adamyň aňyndan daşarda

bar bolup bilmez. Şonuň üçin hem munuň ýaly janly nusga ulanylýar. Bu barada has jikme-jik

edilip „Janly nusganyň esasy” atly 5-nji Çekeleşmede gürrüň berilýär.

Çekeleşme 5: Janly nusganyň esasy

Käbir adamlar şeýtanyň janlandyrylan nusgasy barada örän kynlyk bilen düşünmekleri

mümkindir. Sebäbi Bibliýada bu söz şeýle köp agzalýar welin, hatda onuň şahsyýet hökmünde

bolşy ýaly täsir ýüze çykýar. Bu bolsa, mümkin adamlary gamlandyrýandyr. Ýöne bu Bibiliýanyň

ykrar edilen aýratynlygynyň akyl-paýhas, baýlyk, günä, ybadathana ýaly diri bolmadyk

predmetleriň we abstrakt düşünjeleriň janlandyrylan nusgasydygy bilen aňsat düşündirilýär. Diňe

şeýtan bilen baglanyşykly bolan ýagdaýda käbir fantastiki teoriýalar goýberilýär. Şu mysallar

şekil hökmünde getirilýär:

Akyl-paýhasyň janly nusgasy.

„Hikmen tapan, düşünjä gowuşan nähili bagtly! Ony gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr,

onuň önümi sap altyndan gowudyr. Ol ýakutdan gymmatdyr (onuň garşysyna hiç bir zalymlyk

ýokmaz; ol özüne golaýlaşýanlaryň ählisine gowy mälimdir), ähli arzyly zatlar oňa taý bolup

bilmez” (Süleýmanyň Tymsallary 3:13-15);

„Akyldarlyk öýüni saldy, ýedi diregini ýondy” (Süleýmanyň Tymsallary 9:1).

Bu aýatlar baplaryň edil beýleki bölümleri ýaly akyldarlygy zenan ýaly nusgalandyrýar. Ýöne bu

sebäpli akyldarlygyň ýerde gezip ýören göni zenandygy baradaky pikir asla hiç kimiň oýuna-da

gelmeýär. Hemmeler akyldarlygyň adamlaryň isleýän zadydygyna düşünýärler.

Baýlygyň janly nusgasy.

„Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez; çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine

wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona 1 hyzmat edip

bilmersiňiz” (Matta 6:24).

Bu ýerde baýlyk hojaýynlar bilen deňeşdirilýär. Köp adamlar baýlyga eýe bolmaga we bu ýol

arkaly olaryň hojaýyny bolmaga örän dyrjaşýarlar. Isa bu ýerde biziň muny berjaý edip hem-de

şol bir wagtyň özünde Hudaýa gulluk edip bilmeýändigimizi aýdýar. Öwüt-nesihat ýönekeý we

täsirlidir. Ýöne baýlygyň Mammon atly adamdygyny hiç kim göz öňüne-de getirmeýär.

Günäniň janly nusgasy.

1 Mammon: pul

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!