24.12.2012 Views

Soraglar

Soraglar

Soraglar

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Amos 5:27 ysraýyllylaryň „Damaskyň aňyrsyna“, ýagny Assiriýa göçürilendikler aýdylýar.

Stefan bolsa, muny „Wawilondan daşa“ diýip aýdýar (Resullaryň Işleri 7:43). Ezdra 6:1

ybadathananyň gurluşygynyň gutarylmagy babatda Wawilonyň patyşasy Dariýanyň hereketlerini

beýan edýär. Ýewreýler Hudaýyň „Assiriýa patyşasynyň ýüregini özlerine öwürendigi“ üçin Oňa

minnetdarlyk bildiripdirler (Ezdra 6:22). Bu ýerde ýene-de wakalaryň yzygiderliligi yzarlanýar.

Işaýa 14 bapdaky pygamberlik we şeýle hem Işaýanyň beýleki welilikleri Ýezekiýanyň

zamanynda Sennahirimiň goşunynyň baştutanlygy bilen assiriýleriň çozup girmekleri baradaky

kontekst bilen doly derejede gabat gelýär. 25 aýat bolsa, assiriýleriň synmagyny beýan edýär.

Eger-de 13 aýatda assiriýleriň Ýerusalimi Hudaýa dil ýetirme arkaly saklaýyşlary hakda,

assiriýleriň şähere girmäge we öz hudaýlary üçin ybadathanany basyp almak baradaky

synanyşyklary hakda aýdylýan bolsady, onda muňa düşünmek ýeňil bolardy. Mundan öň assiriýa

şasy Feglafellasar hem edil şunuň ýaly etmegi isläpdir (2 Paralipomenon 28:20-21). Işaýa 14:13

aýatlarynda bu hakda şeýle aýdylypdyr: „Öz ýüregine bolsa, şeýle diýipdi: „asmana çykaryn

(ybadathananyň we äht sandygyň nyşany – 3 Patyşalyk 8:30; 2 Paralipomenon 30:27; Zebur 19:3,

7; 10:4; Ýewreýler 7:26) we Siýon dagynda hudaýlar toppagynda oturaryn (Siýon dagynda

ybadathana bolupdyr) demirgazygyň çetinde“ (Ýerusalimda – Zebur 47:1-2).

Çekelşme 20: Isanyň synalmagy

Matta 4:1-11: „Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin çöle äkitdi. Isa kyrk gije-gündizläp,

oraza tutansoň ajykdy. Synagçy ýanyna gelip Oňa diýdi: „Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar

çörek bolsun diýip buýur“. Emma Isa jogap berip diýdi: „Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem

Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr“. Onsoň, iblis Ony

mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa diýdi: „Sen Hudaýyň Ogly

bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer; olar aýagyň daşa

degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler“. Isa oňa diýdi: „Öz Hudaýyň Rebbi synama“ diýipde

ýazylgydyr“. Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň

şan-şöhratyny görkezip, Oňa diýdi: „Dyza çöküp, maňa sejde etseň, men şu zatlaryň hemmesini

Saňa bereýin“. Şonda Isa diýdi: „Ýanymdan aýryl, şeýtan! „Öz Hudaýyň Rebbe sejde et, diňe

Oňa gulluk et“ diýip ýazylgydyr“. Onsoň, iblis Ony terk edip gitdi. Ine, perişdeler gelip, Oňa

hyzmat etdiler“.

Bar bolan pikirler:

Bu parça „iblis“ diýilýan jandaryň Isa kesgitli işleri ýerine ýetirmäge hödürläp we Ony

meýillendiriji ýagdaýa girizip, Ony günä etme höweslerine sezewar edipdir.

Biziň takyklamalarymyz:

1. Isa „günäden başga ähli zatda biziň ýaly synalandyr“(Ýewreýler 4:15) hem-de „her kes

öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr“(Ýakup 1:14). Biz öz

höweslerimiz ýa-da günäli isleglerimiz bilen edil Isa ýaly, „iblis“ tarapyndan

aldanýandyrys. Ýöne biz duýdansyz biziň gapdalymyzda durup, bizi günä etmäge itergi

berýän iblisden aldanýan däldiris – günä we aldanma „adamyň ýüreginiň teýinden“

çykýandyr (Markus 7:21).

2. Aldanmany göni manyda kabul etmeli däldigi aýdyňdyr:

� Matta 4:8 Isanyň dünýäniň ähli patyşalyklaryny we olaryň şöhratyny görmegi üçin, örän

beýik dagyň depesine çykarlandygyny aýdýar. Emma bütin dünýäni görüp bolaýjak beýik

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!