11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

10O.HudaýberenowaOSMAN-TÜRKMEN DESSANLARYAta-babalarymyzyň durmuşy, ahlagy, gylyk-häsiýetleri, guran döwletleri, taryhyşahslary we beýlekiler hakynda döredilen hem-de dünýä edebiýatynyň genjihazynasynaöwrülen osman-türkmen dessanlary Anadoluda XV asyrda döredilipdir.Bu döwür Anadoluda medeniýetiň, sungatyň we edebiýatyň hem gülläp öseneýýamydyr. Osman-türkmen döwletiniň hökümdarlary edebiýat bilen içgingyzyklanypdyrlar we olaryň özleri hem ençeme ajaýyp eserleri döredipdirler. Taryhdahökümdar Ýyldyrymyň ogly Emir Süleýmanyň hem şygyr ýazandygy hakyndamaglumatlar bar. Süleýman Çelebiniň hem birnäçe möhüm eserleriniň bolandygy bizemälimdir. Şol döwrüň beýik şahyry Ahmediniň uly sarpa, hormat goýup, şygyrlarynabaha bermegi, ondan ylham alyp täsirlenmegi bu hökümdar şahyryň şygyrsungatyndan örän ussatlyk bilen baş çykarandygyny görkezýär. Emir Süleýmaneserlerini osman-türkmen dilinde ýazypdyr. Ýanyndaky şahyrlara hem öz millidillerinde şygyr ýazmagy ündäpdir.Hökümdar Soltan Myrat II osman-türkmen hökümdarlarynyň arasynda ilkinjibolup, bitewi bir eser (“Diwan”) ýazypdyr.Häzirki ulanylýan türk dili XV asyrda osman dili diýip at alan dildir.Osman-türkmen dili bu asyrda hökümdarlyk diline öwrülip, döwlet dilihökmünde ulanylýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri hökümdarlygyň Rum we Balkantopraklaryndan Anadola çenli çäginiň giňelmegidir. Öň pars, arap dillerinde şygyrdöretmek ýörgünli bolsa, indi ol öz ornuny osman-türkmen diline bermeli bolýar.Osman-türkmen dili bolsa, türk dili adyny alyp, ençeme asyrlardan bäri Türkiýäniňmilli we döwlet dilidir.Bu döwürde tasawwuf edebiýatynyň görnükli wekilleri Hajy Baýram Weliniň(1353–1459), Akşemseddiniň (1389–1459), Eşret oglunyň (1353–1469) dini, sopuçylykhäsiýetli şygyrlaryndan başga-da, halk edebiýatynyň eserlerine hem uly orun degişlidir.Taryhy we edebi çeşmelerden alnan maglumatlara görä, bu asyrda halk şahyrlaryGermiýan we Osman köşklerinde goldanypdyr. Olar halkyň toplanan ýerinde “Gorkutata” boýlaryny, Nasreddin Hoja bilen baglanyşykly we beýleki hekaýatlary aýdypdyrlar.Olaryň döreden iň gymmatly edebi mirasy hem osman-türkmen dessanlarydyr. Osmantürkmendessanlary tutuşlygyna osman-türkmen döwletine we onuň hökümdarlarynabagyşlanyp ýazylan dessanlardyr. “Türk mazary”, “Osmanyň düýşi”, “Bilejigiň alnyşy”,“Rum iline geçiş” ýaly ýazary belli bolmadyk bu dessanlaryň esasynda Aşyk Paşazada“Tewarih-i Al-i Osman b.-Osman Gazi” [1], Arif Aly “Danyşmentnama” [14, 513 s.],Oruç beg “Tewarih-i Al-i Osman” [16] atly taryhy kyssalaryny döredipdirler.XV asyrda Beýik Seljuk-türkmen döwleti, Osman-türkmen döwleti,Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwletleri kemala gelipdir. Bu dessanlar osmantürkmendöwletiniň ýeňiş we gahrymançylyk saýasynda gurluşy hakynda halkyň ruhybuýsanç bilen sözlän hekaýatlarydyr. Olar halkyň aň hazynasynda ýaşap, dilden-dilegeçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdirler.Osman-türkmen dessanlarynda gadymy türki edebiýatynda yslamdan öňkidöwürde döredilen mifiki dessanlaryň däpleri saklanypdyr. Mysal üçin, “Osmanyň

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!