11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

giňligi bogun aralary dar bolan gowaçalar bilen deňeşdirilende giç gülleýänligini, gozalaryňhem giç açylýanlygyny belleýär. Bu aýdylanlaryň hakykatdan dogrudygyny I.K.Maksimenkoözüniň ýerine ýetiren işlerinde we seleksiýa boýunça geçiren tejribelerinde tassyklady. Onuňöz öňünde goýan esasy meseleleriniň biri hem gowaçanyň şahalarynyň we esasy baldagynyňbogunaralaryny kelte etmek, sebäbi bogunaralary gysgaldylsa, şeýle tizbişek we bol hasylberýän gowaça sortlary döretmek ýeňil bolýar. Şahalanyşy boýunça şolar ýaly görnüşlerdenseçginiň üsti bilen täze nesil alyndy. Iwan Kirillowiç birgiden öz döreden (2000 köpräk)ekotipleriniň arasyndan çugdam düýpli, boýy pes, tizbişek we süýüminiň hili gowy bolanösümligi gözledi. 1939-njy ýylyň güýzünde aýdylanlara meňzeş 4 sany düýbi saýlap aldy.Şolar bolsa 5478-И diýen inçe süýümli sorty döretmek üçin ilkinji maýalyk bolup hyzmatetdi. 4-nji belgili gibridiň arasyndaky ösümlikler hem biri-birinden düýpgötertapawutlandylar. Olaryň arasynda (1,5-2,0 m) uzyn şahalysyndan başlap, pes boýly, dykyzja(0,5-0,7 m) boýly we bogunaralary şahasyndan başlap baldaklaryna çenli gysgajyklary hembar eken. Soňra tejribe işinde birtopar meňzeş ösümlikleri ulanýar, netijede, 365 belgilimaşgala saýlanýar we onuň ösümlikleriniň hemmesi diýen ýaly kelte boýly, çugdam we öränköp hasylly. Şol bir wagtyň özünde hem seleksioner gowaça düýbüniň guralyşy boýunçatapawutlanýan ösümlikler maşgalasyny öwrenýär. Aýratynlykda her ösümligiň hasyllylygyna,tizbişekligine, süýümiň hiline, gozalaryň ululygyna, çigidiň agramyna we beýleki sypatlarynaaýratyn üns berilýär. Ösümlikleriň daşky görnüşiniň we morfologiki sypatlarynyň gowyöwrenilmegi seleksionere eýýäm 1945-nji ýylda Döwlet sort synagyna özüniň ilkinji 5476-Иdiýen sortuny tabşyrmaga mümkinçilik berýär we synagyň netijesinde örän gowy bahamynasyp bolýar. Döwlet sort synagyndan üstünlikli geçenden soň 1947-nji ýyldan başlap,Türkmenistanda ekilip başlanýar, soňra 1953-nji ýyldan başlap bolsa, ÖzbegystanyňSurhadarýa welaýatynda ekilip ugraýar. Täze sort ozal ekilip ýorlen sortlardan özüniň daşkysypaty bilen, ösümliginiň çugdamlygy we boýunyň pessejikligi bilen düýpgötertapawutlanýar. Önümçilige diňe şular ýaly sortlar gerekdi. Sebäbi olaryň hasyl toplaýyşmümkinçiligi öňki iýmitleri boýuna bermän, hasylyna bereni üçin, ummasyz uludy. Oňa taýçykýan sort biziň ýurdumyzda däl, hatda daşary ýurtlarda-da ýokdy. Ol sort özüniňartykmaçlygyny ekin meýdanlarda 10 ýylyň dowamynda görkezip geldi, ýagny ol hasylyboýunça öňki sortlardan 18-20% artyk.Şunlukda, Iwan Kirillowiç Maksimenkonyň inçe süýümli gowaçanyň seleksiýasyndasaýlap alan ugrunyň dogrulygy mälim boldy. Onuň hakykatdygyna beýleki döredilensortlaram: 8704-И, 9046-И, 8981-И, 8763-И, 9078-И şaýatlyk edýär.Iwan Kirillowiç tarapyndan döredilen 8763-И sorty birinji tip süýüm berip, ol gelipçykyşy boýunça biri-birinden daş, eneligi Müsüriň uzyn süýümli diýilýän sorty, atalygy bolsa6890-И diýilýän sortlary çakyşdyryp, olardan alnan gibridlerde köp ýylyň dowamyndaýekebara seçgi geçirmegiň üsti bilen döredildi.Iwan Kirillowiç tarapyndan döredilen 5476-И, 8763-И birinji tip süýümi berýänsortlar ony seleksioner hökmünde seleksiýa işiniň beýleki ugurlaryna hem ökde ýapyşmagamejbur etdi. Ol özüniň köpden bäri höwes edip ýören süýümi tebigy reňkli gowaçanydöretmäge girizdi. Emma ol işi ýerine ýetirmäge gowaçanyň süllerme (wilt) keseli bilenkesellemegi päsgel berdi, 1959-1960-njy ýyllarda gowaça meýdanlary köpçülikleýinkeselledi. Bu meseläni tiz wagtyň içinde çözmeklik seleksionerler üçin wajypdy.Seleksionerleriň bu meseläni çözmek üçin çeken zähme özüniň oňaýly netijesini berdi, tizwagtyň içinde inçe süýümli gowaçanyň süllerme keseline durnukly birnäçe täze sortlarynydöretdiler – 8991-И, 9122-И, 9123-И, 9078-И we beýlekiler. Bulardan 9078-И täze sortIwan Kirillowiç tarapyndan döredilip, önümçilige ornaşdyryldy we süllerme keseli bilenkesellän Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda ekilip başlandy.91

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!