11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

I.K.Maksimenko tarapyndan döredilen 5476-И, 8763-И, 9078-И inçe süýümligowaça sortlary käbir ýyllarda SSSR-iň gowaça meýdanlarynyň 80-90% tutdy.Köp toparlaýyn geçirilen tejribe işleriniň netijesinde seleksioner I.K.Maksimenkoseleksiýa işinde köp meseleleriň çözgüdini tapdy, olaryň arasynda gowaçanyň şahaly hemşahasyz görnüşlerini gowaça ösümliginiň bir düýbünde birikdirmegini başardy (sort Aş-8),süýümi tebigy reňkli (sort 7631-И), gowaçanyň şahasyz sorty, süýümi örän uzyn (sort8173-И), ýapragyny özi düşürýän sorty (8704-И). Bu sortlar seleksiýanyň nusgawyusullaryndan başga-da, täze usullara ulanmak arkaly, bedeniň we daşky bizi gurşap alantebigatyň kada kanunlaryna laýyklykda, çakyşdyrmanyň her hili usullaryny ulanmak arkalydöretdi.Iwan Kirillowiç, esasan, seleksiýa bilen işlän hem bolsa, tohumçylyk meselesini hemgöz astyndan düşürmedi, sebäbi seleksiýa bilen gowaçanyň tohumçylygyny biri-birindenaýyrmak bolmaýar diýip hasap edýärdi. I.K.Maksimenko özüniň seleksiýa işinde diňe birsort döretmek bilen kanagatlanman, oňat tohumlaryny döredip, önümçilige ýetirerdi. Onuň“Türkmenistanda gowaçanyň tohumçylygy” (1954 ý.) diýen kitabyny tohumçylar,agronomlar we tohumçylyga bagly hünärmenler giňden peýdalanýarlar.Iwan Kirillowiç Maksimenkonyň 70 gowrak çap edilen ylmy işi bar. Esasy nazaryýetwe önümçilik şertinde ýerine ýetirilen işleriniň hemmesi onuň “Türkmenistanda inçesüýümli gowaçanyň we tebigi reňkli süýümi bolan sortlaryň seleksiýasy” diýen kitabyndaýerleşdirilen we ol kitap I.W.Miçurin adyndaky altyn medala mynasyp boldy.Akademik Iwan Kirillowiç Maksimenko ýurdumyz üçin gowaçanyň seleksiýasyndanwe tohumçylygyndan ýokary derejeli köp sanly hünärmenleri taýýarlady. Olaryň arasyndaylymlaryň doktorlary A.Hudaýgulyýew, S.Gurbangeldiýew G.Mämmedow, ylymlaryňkandidatlaryndan Ýa.Durdyýew, G.N.Gurtgeldiýew, A.Eminow, W.P.Semençenko,A.P.Bažanowa we beýlekiler. Zehinli, belent adamkärçilikli, güler ýüzli adam hökmündeIwan Kirillowiç biziň ýüreklerimizde orun alyp galdy. Biziň halypamyz, ussat hünärmen,duýgur we talapkär, täze pikirlere we başlangyçlara yhlasly, hoşgylaw adamdy. Biziňdiýarymyzda häzirki ekilip ýörlen inçe süýümli we orta süýümli gowaçanyň sortlarynyňhemmesi diýen ýaly onuň bize galdyryp giden nesil toplumynyň we işläp düzen usullarynyňesasynda döredilen. Türkmenistanda pagtaçylygyň ösmeginiň gözbaşynda ilkinjilerhökmünde akademik I.K.Maksimenkonyň ady durýar. Onuň köp ýyllyk we netijeli işine,Türkmenistanda pagtaçylygy ösdürmekde gazanan üstünliklerine Döwletimiz uly baha berdi.Akademik I.K.Maksimenko “Lenin” ordeni, üç sany “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordenleri, ikisany “Hormat Nyşany” ordenleri we birnäçe medallar bilen sylaglandy we oňa “At gazananagronom” hem-de “Ylymda we tehnikada at gazanan işgär” diýen belent atlar dakylyp, ol“Sosialistik zähmediň Gahrymany” diýen ada mynasyp boldy.Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiňPagtaçylyk ylmy-barlag institutyKabul edilen wagty2007-nji ýylyňTürkmenbaşy aýynyň 26-sy92

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!