11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

1. to go – gitmek, bir ýerden beýleki ýere hereket etmek.2. to come – gelmek, peýda bolmak, ýüze çykmak.3. I am writing – men ýazýaryn (ýazyp durun).Durnukly söz düzümleriniň terjimeleri has möhümleriň biri hasaplanylýar:to pay attention – üns bermek;heavy rain – güýçli ýagyş.Mysallardan görnüşi ýaly, iňlis dilindäki durnukly söz düzümleriniň manylaryolaryň sözme-söz terjimelerine deň bolman, olar täze bir many birliklerini emelegetirýärler. Olary bilmek üçin terjimäniň ähmiýeti uludyr.Häzirki zaman iňlis dili analitik gurluşly flektiw dil bolup, sözleriň özara esasygrammatik gatnaşyklary dört ugur boýunça amal edilýär. Olar – goşulmalar, kömekçisözler, sözlemde sözleriň tertibi we intonasiýa (heň) [7]. Grammatiki goşulmalar bugatnaşyklary aňlatmak üçin rus we türkmen dillerinde has köp ulanylýar [8]. Ýönebeýleki grammatiki serişdeleriniň ulanylmagy hem bu diller üçin häsiýetlidir.Türkmen diliniň gurluş aýratynlygyna görä grammatiki manylaryň goşulmalar arkalyhas köp derejede aňladylýandygyny bellemek gerek.Mysallara ýüzleneliň:The student took a book.Talyp kitap aldy.Iňlis dilinde sözlemde sözleriň tertibi üýtgewsiz berkligi bilen tapawutlanýarwe ýönekeý habar sözlemindäki tertip “eýe+habar” (S – V) yzygiderliginde gelýär[9,10]. Eger-de sözlemiň habary täsirini geçirýän işliklerden bolsa, üçünji orundadoldurgyç gelip, sözlem agzalarynyň tertibi şu yzygiderlikde bolýar:“eýe+habar+doldurgyç” (S – V – O).Türkmençe mysaldaky “eýe+doldurgyç+habar” (S – O – V) tertip nusgasy iňlissözleminden doldurgyjyň ýerleşişi boýunça tapawutlanýar. Şeýle hem doldurgyjyňmorfologik berlişindäki tapawutlar bellilik we näbellilik manylary bilen baglanyşyklydürli bolup bilýär:Talyp kitap aldy.Talyp kitaby aldy.Getirilen mysallar mazmun taýdan biri-birinden tapawutlanýarlar. Ikinjimysaldaky “y” goşulmasy mälimligi aňladýar. Şeýlelikde ol “The student took thebook” iňlis sözleminiň gabat gelmesi hökmünde garalýar. Birinji sözlemde sözleriňtertibi üýtgewsiz bolup, ikinji sözlemdäki mümkin bolan başga tertip “Talyp aldykitaby” sözleýşiň çeperçiligi we täsirlilik bilen baglydyr.Iňlis we türkmen grammatiki gabat gelmeleriniň esasy görnüşleri şulardanybarat: doly gabat gelmeler, bölekleýin gabat gelmeler we gurluşlaryň gabatgelmezligi.Morfologik gabat gelmäniň doly görnüşi dilleriň arasynda birmeňzeşgrammatiki kategoriýalaryň edil şonuň ýaly kybapdaş manylary aňladan wagtyndaamal edilýär. Iki dilde-de grammatiki san kategoriýasy bar. Öwrenilýän dillerdeumumy we aýry-aýry manylaryň aňladylyşy birmeňzeş. San kategoriýasy birlik weköplük sanlardan düzülip, doly grammatiki gabat gelmeleri emele getirýär.Bölekleýin gabat gelmeler iki diliň arasynda meňzeş grammatiki kategoriýalar26

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!