11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

ýerleşdiripdirler [29]. Taryhda söz ýasalyşyň söz hakyndaky ylym hökmündeetimologiýanyň düzümine goşulan wagty hem bolupdyr. Häzirki döwürde-de käbirdillerde söz ýasalyş leksikologiýanyň bölümi hökmünde öwrenilýär. Söz ýasalyşaşeýle garaýyş tötänleýin däl. Söz hakyndaky ylym hökmünde ol gönüden-gönileksikologiýanyň kanunalaýyklyklary bilen baglanyşyklydyr. Şol bir babatda sözýasalyş kanunalaýyklaryň berk berjaý edilmegi, olaryň sanynyň leksikologiýahadysalaryna garanda az bolmagy, diliň grammatika gurluşyna täsir etmegi olarygrammatika ýakyn edýär. Ýöne söz ýasalyş diňe özüne mahsus bolan aýratynlyga-daeýedir. Söz ýasalyş kanunalaýyklyklary grammatik kanunalaýyklyklardan san hem hiltaýdan tapawutlanýarlar. Söz ýasalyş kanunalaýyklaryň sany grammatiklerden hasköpdür. Söz ýasalyş serişdeler giň many (semantik) kategoriýalary beýan edýär-de,predmetler bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenmeýär. Şol bir wagtdadasöz ýasalyş arkaly ýüze çykarylýan semantik kategoriýalar leksikologikkategoriýalara gabat gelmeýär. Olar belli bir gurluşlar bilen bagly bolýarlar we çäklihäsiýete eýedirler.Söz ýasalyşyň özboluşlygy eýýäm XX asyrda köp işleriň ýazylmagynagetirýär. Ol işlerde onuň käbir meseleleri beýan edilipdir. Söz ýasalyşyňmeselelerine bagyşlanan dürli häsiýetli işler ýazylýar: kandidatlyk we doktorlykdissertasiýalar, monografiýalar we okuw gollanmalary we ş.m. Mysal üçin, türkmen[5; 11], rus [36, 38, 28, 34], german we umumy dil bilimi [21, 22, 23], iňlis [19,20], fransuz [12], ispan [2], nemes [31, 32, 13] we ş.m. dilleri boýunça işlerýazyldy.Umuman, häzirki döwürde söz ýasalyş dil biliminiň özbaşdak bölümihökmünde giňden öwrenilýär. Dünýä dil biliminde onuň şu meseleleri gowyişlenilipdir: sinhron we diahron söz ýasalyşyň tapawudy we biri-birine gatnaşygy,sinhron söz ýasalyşyň dinamikasy; söz ýasalyş derňewiniň usulyýeti. Söz ýasalyşyňdürli ýollary (sposoby), şeýle-de onuň sintaksise bolan gatnaşygy, söz ýasalyşmodelleşdirmeginiň meseleleri, ýasama we goşma sözleriň nominatiw hyzmaty webeýlekiler. Käbir meseleler häzirem jedelli bolup galýar. Olara şular degişlidir: sözýasalyş usulynda prefiksasiýanyň orny (onuň söz goşulyşa gatnaşygy, söz ýasalyşyňusuly hökmünde özbaşdaklygy: onuň suffiksasiýa bilen bilelikde affiksal söz ýasalyşagatnaşygy “ýarym affiksasiýanyň” bolmagy – onuň söz ýasalyşa we affiksasiýagatnaşygy we söz ýasalyşyň özbaşdak usuly hasaplanmagy; söz ýasalyş manysynyňanyklanmagy, söz ýasalyş paradigmasy, söz ýasalyş zynjyry, söz ýasalyş öýjügi webeýlekiler.Söz ýasalyşyň dildäki hyzmaty onuň leksikografik berlişi bilen baglymeseleleri hem ýüze çykardy. Rus diliniň kök morfemalarynyň sözlügi bilen bilelikde,G.Augstyň sözlügi hem çapdan çykdy. Onda nemes diliniň söz ýasalyş morfemalarygysgaça beýan edilýär [3]. Söz ýasalyş elementleriniň sözlügini düzmäge ilki bilengerman dillerini öwrenýän sowet alymlary synanyşdylar [30].Söz ýasalyşyň diliň özbaşdak bölümi hökmünde ykrar edilmegi bilen dilbiliminde onuň derejelik häsiýeti baradaky, ýagny dil gatlaklaryndaky tutýan ornunykesgitlemek bilen bagly meseläniň ýüze çykmagyna getirdi. Giňden ýaýran hemköpler tarapyndan kabul edilen nukdaýnazar söz ýasalyşy dereje aralyk ýerde18

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!