11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKAНАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕSCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN№1 2007S.Şammakow, K.Ataýew, G.JumamyradowaREPETEK DÖWLET BIOSFERA GORAGHANASYNYŇSÜÝRENIJILERITürkmeniň Altyn asyry bolan XXI asyrda ýurduň durnukly ösmegi hem-dedaşky gurşawy goramak barada ilkinji we ömürlik Prezidentimiz Beýik SaparmyratTürkmenbaşynyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde dürli çäreler amala aşyrylýar.Ýurdumyzyň biologik dürlüligini aýap saklamak hem şol çäreleriň biridir.Geçen ýüz ýylyň dowamynda Türkmenistanda haýwanlaryň 12692 weösümlikleriň 7064 görnüşiniň ýaýrandygy anyklanyldy. Soňky 20-30 ýylyň içindetebigat bilen adamlaryň sazlaşykly gatnaşyklarynyň dartgynly ýagdaýa geçmegisebäpli, janly-jandarlaryň görnüşleriniň sany azaldy. Bu ýagdaý Beýik SaparmyratTürkmenbaşynyň “Daş-töweregi goramak hereketleriniň milli meýilnamasy” şeýlehäsiýetlendirilýär: “Doly çapylyp gutarylan ak sazak tokaýlygynyň umumy meýdany,takmynan, 5,5 mln. ga (ozalky meýdanynyň 60%-e), gara sazak (ojar) tokaýlygynyňkybolsa 0,5 mln. ga golaý (60%) boldy. Daglarda arça, türkmen kerkawy, dagdan webeýlekiler çapyldy, şonuň netijesinde hem arça tokaýlygynyň meýdany iki essedengowrak, beýleki tokaýlar bolsa 5,5 müň ga kemeldi” [5]. Ýurdumyzyň giňişligindeçölleşme hadysasynyň ýokarlanmagy bilen ýabany haýwandyr ösümlikleriň ýaşaýyşderejesi peseldi, ençeme görnüşleriň sany azalyp, olaryň köp görnüşlerine ýitip gitmehowpy abandy. Ýabany görnüşleri gorap saklamak we olaryň sanyny dikeltmek üçinBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1997-nji ýylyň Nowruz aýynyň 25-ine“Türkmenistanyň Gyzyl kitaby hakynda düzgünnamany” tassyklady. Gyzyl kitabyň2-nji neşirine ösümlikleriň 109 we haýwanlaryň 152 görnüşi girizildi [4].Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitabyndaekologiýa meselesiniň çözgütlerini durmuşa geçirip: “Türkmenistany gazlaşdyrmakbilen biz ýurdumyzyň ümmülmez meýdanlaryny çölleşmekden goradyk. Indi paltasesini eşitmeýän ojardyr sazak, toraňňydyr ýylgyn, arçadyr kerkaw tokaýlary pajarlapbaşlady. Tebigaty paýhynlamakdan halas etmek bilen birlikde biz tebigata özýarasyny bejermäge mümkinçilik döretdik” [1, 79-80 s.] diýip kesgitli belledi. Buaýdylanlar Garagum çölüniň tebigy we medeni ýadygärlikleri özünde jemleýändiginiaňladýar.Gadymy medeni gymmatlyklaryň mekany bolan Garagum çölüniň tebigatyaýratyn-da ynjyk. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine gadymy KöneürgenjiňUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilendigi baradakyGüwänamanyň gowşurylmagy mynasybetly gurnalan dabarada Baky BeýikSaparmyrat Türkmenbaşy 2006-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 25-ine Garagum31

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!