11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Ö.NazarmämmedowTÜRKMENISTANYŇ ZEÝKEŞLERINIŇ SUWLARYNY ZÄHERLIMADDALARDAN BIOINŽENER USUL BILEN ARASSALAMAKDuzlulygy az bolan zeýkeş suwlaryny (duz bir litr suwda 3 gramdan az) obahojalyk önümçiliginde ulanmak ýa-da olary şor suw toplanýan howdanlardaýygnamak, janly-jandarlar we ösümlikler üçin zyýanly maddalardan arassalamagytalap edýär.Makalada Türkmenistanyň Suw hakyndaky bitewi kanunynyň 52-njimaddasynda zeýkeş suwlaryny bioinžener usul bilen arassalamak hödürlenýär. Buusul, ýokary suw ösümlikleriniň we mikro ösümlikleriň (mikroflora) zäherlimaddalary, agyr metallary, özünde siňdirijilik we toplamak ukybyna esaslanýar.Suwlary bioinžener ýol bilen arassalamagyň, başga usullara garanda birnäçeartykmaçlygy bar. Birinjiden, bu usul oba hojalyk önümçiligine gerek bolan suwuňakymynyň uly mukdaryny (5-100 m 3 /s) arassalamaga mümkinçilik berýär. Ikinjiden,hiç hili himreagentleri, elektroenergiýany talap etmeýär. Üçinjiden, hödürlenýän usulekologiýa tarapdan arassa we töwerekdäki gurşawa hiç hili zyýan ýetirmeýär.Belli bolşy ýaly, ösümlikleri kesellerden, zyýanly mör-möjeklerden we hapahaşalotlardan gorap saklamak üçin ekin meýdanlarynda himiki serişdeler giňdenulanylýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň zeýkeş suwlarynda hlororganiki, fosfororganikizäherli maddalar we nitratlaryň bardygy bellenilýär.Biziň geçiren barlaglarymyza görä, Baş çep kenar we Çaltut hojalygarazeýkeşleriň suwlarynda (Lebap welaýaty) geksahloranyň (GHSG)–8,9 x 10 -5 ÷ 1,78x 10 -3 mg/l mukdarda bardygy kesgitlenildi. Derýalyk we Dowdan (Daşoguzwelaýaty) esasy zeýkeşlerden alnan suwlaryň nusgasynda GHSG geksohloranyň 5 x10 -5 mg/l mukdarda bardygy anyklandy.S – O esasy zeýkeşiň (Myratberdi Sopyýew adyndaky daýhan birleşiginiň ekinmeýdany) we GKS – 2 esasy zeýkeşiň (Gökdepe etraby) suwlarynda hlororganikizäherli maddalaryň αGHSG görnüşleri 5 x 10 -6 ÷ 1,5 x 10 -3 mg/l, DDT we onuňmetabolitleri 5,6 x 10 -4 ÷ 2 x 10 -3 mg/l aralykda üýtgeýär. Zeýkeş suwlaryndafosfororganiki zäherli maddalardan rogor 7,6 x 10 -4 ÷ 3,3 x 10 -2 mg/l we nitratlar5÷10mg/l mukdarda tapyldy. Barlag geçirilen zeýkeşlerde hlororganiki zäherlimaddalaryň mukdary olaryň durmuşda we arassaçylykda ulanylýan suw howdanlaryňsuwundaky zyýanly maddalaryň Geksohloranyň we DDT-iň çäklendirilentoplumyndan (ÇT) kiçi, emma balyk hojalygy üçin niýetlenen suw howdanlaryňsuwundaky zäherli maddalaryň çäklendirilen toplumyndan uly (1-nji tablisa).Gamşyň we ýekeniň bir kilogram gök massasynda hlororganiki zäherli maddageksahloranyň (αGHSG) 6.10 -2 milligrama çenli bardygy kesgitlendi. Bu bolsa, obahojalyk mallarynyň ot-iýmleri üçin çäklendirilen toplumyndan (ÇT) ep-esli az (2-njitablisa).63

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!