11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

çölüne aýawly garamagyň möhüm meseledigini nygtady we “Türkmenistanyň täsintebigatynyň, ilkinji nobatda, türkmen topragynyň “ýüregi” hasaplanýan Garagumçölüniň milli gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir” [6] diýip belledi.Garagumda hojalyk işleriniň barha ýaýbaňlandyrylmagy, onuň medenigymmatlyklaryny, şeýle-de, biologik dürlüligini giňişleýin öwrenmekligi talap edýär.Ýabany haýwanlaryň görnüşlerini düýpli öwrenmek döwlet goraghanalarynda alnypbarylýar. Şolaryň biri hem Gündogar Garagumuň merkezinde ýerleşen, çöl tebigatynyöwrenijileriň “Mekgesi” hasaplanýan, 1927-nji ýylda döredilen Repetek döwletbiosfera goraghanasydyr.Bu goraghananyň çäginde we oňa ýanaşyk ýerlerde duşýan süýrenijileriöwrenmek işleri 1968–1979, 1989–1995, 2002, 2003-nji ýyllaryň Gurbansoltan –Sanjar aýlarynda 36 günüň dowamynda geçirildi. Şol wagtda pyşdyllaryň 1,hažžyklaryň 12, ýylanlaryň 6 görnüşine degişli bolan süýrenijileriň 390-sy hasabaalyndy.Sanawda görkezilen ýylanlaryň 3 görnüşi (gyzylzolakly ýylan, owgan ýylany,kepjebaş) Repetekde işlän döwrümizde gabat gelmedi. Ýöne olaryň bu ýerdeduşýandyklary barasynda edebiýatlarda [2, 3, 7] maglumatlar bar. Şeýlelikde, Repetekgoraghanasynda we oňa ýanaşyk ýerlerde süýrenijileriň 22 görnüşiniň ýaýrandygyanyklanyldy (1-nji tablisa).Sähra pyşdyly. Ol Repetekde we oňa ýanaşyk çägelik meýdanyň berkänýerlerinde, aýratyn-da gara we ak sazakgyrymsy agaçlaryň köpçülikleýin ösýänýerlerinde mydama gabat gelýär. Ol çägelik geriş ulgamynda we olaryň arasyndakyýarym berkän pesliklerde seýrek duşýar. Aklaň çägeliklerden gaça durýar. Günüňdowamynda sähra pyşdylynyň 4-sine gabat gelmek bolýar.Darakbarmakly as. Onuň köp bölegi (60%) gara we ak sazakly meýdanlardaýaşaýar. Geriş ulgamly ýarym berkän çägeliklerde bu aslaryň duşýanlary hem bar,ýöne olaryň sany has azdyr. Bu görnüş gündiz hinlerde bukulýar, gün batandan soňýatan ýerlerinden çykyp başlaýar. Çyra bilen gözlenende 2-3 sagadyň dowamyndaolaryň 4-den 10-a çenlisini görmäge mümkinçilik döreýär.Hazar asy. Seýrek duşýan as. Ol köplenç gara we ak sazaklykdaky uly bozsyçanlaryň hin toplumlarynyň köp ýerlerinde gabat gelýär. Gündizine şol hinlerdeGünüň ýagtysyndan gizlenýär we gijesine aw etmäge çykýar. 2-3 sagadyňdowamynda 1-ini ýa-da 2-sini hasaba almak bolýar.Çäge asy. Köp duşýan as. Ol gowşak berkän çägeliklerde we gum ulgamlyhem-de olaryň arasyndaky peslik ýerlerde ýaşaýar. Gündizine sazakdyr gandymyňtöweregindäki hinlerde gizlenýär we gijesine iýýän haýwanlaryny awlaýar. 2-3sagatlap çyra ýagtysynda gözleseň, 10-dan 20-ä çenlisini görüp bolýar.Çal as. Ol aklaň we ýarym berkän çägelik meýdançalarda duşýar. Gündizinesözeniň, ojaryň we beýleki gyrymsy agaçlaryň üstünde – baldak sütüniniňýarçyklarynda ýa-da gabyklarynyň aşagynda gizlenýär. Aslar agşam garaňky düşendensoň mör-möjekleri awlamaga çykýarlar. 2-3 sagadyň dowamynda onuň 4-5 sanysynytapsa bolýar.32

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!