11.07.2015 Views

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

Adobe Acrobat file (.pdf, 2Mb)

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

i Al-i Osman b.-Osman Gazi” [1] işinde käbir taryhy şahslar garyşdyrylyp berlipdirdiýlip hasap edilýär. Mysal üçin, olarda ady tutulýan we suwda gark bolup ölenSüleýman şa Soltan Osmanyň atasy däldir.Hakykatda bolsa, Soltan Osmanyň atasy, ýagny Ärtogrul gazynyň kakasySoltan Alp Arslanyň goşun serkerdesi bolan, 1071-nji ýylda Anadoludaky bolanuruşda edermenlik görkezen we Alp Arslan tarapyndan ol ýerde gurlan seljuktürkmendöwletine hökümdar goýlan Süleýman Şa bin Gutulmyşdyr. Bu hökümdar1086-njy ýylyň Gorkut aýynyň 5-ine Halap töwereklerinde seljuk emirleriniň biriEmir Tutuş bilen düşünişmezlikde bolan gowgada gahrymanlarça söweşip, wepatbolýar. Emma dessandaky Süleýman şa diýlen şahsyýetiň ýatan ýeri diýlip aýdylýanTürk mazarynda jaýlanan gerçegiň 1146-njy ýylda Jaber galasyny almak üçin gabanwagtynda hyzmatkäri tarapyndan öldürilen Halap we Mosul emiri Atabeg Zeňňiniňbolmagy-da ýa-da Fyrat derýasynyň bir goly bolan Hapurda gark bolup ölen seljukhökümdary Gylyç Arslan I bolmagy-da mümkindir [17, 81 s.; 12, 398-399 s.].Osman-türkmen dessanlarynyň ünsüňi çekiji dessanlarynyň ýene biri-de“Osmanyň düýşi” dessanydyr. Bu dessan türki halklarynyň edebiýatynyň gadymydessan döwründe döredilen dessanlaryň alamatlaryny özüne iň köp siňdirendessandyr. Bu dessanda wizantiýalylara garşy söweşen Anadoludaky osman-türkmengerçekleri hakynda gürrüň berilýär. Hakykatdanam, bu gerçekleriň edermenlikleriniň,gahrymançylyklarynyň bir ajaýyp düýş kimin halkyň aňynda ýaşap gelýändigi öňesürülýär. Dessanyň gysgaça mazmuny şundan ybaratdyr.Şol döwürde Söwüt şäheriniň töweregindäki obalaryň birinde Ebedaly atly bir halal,arassa ahlakly, pirlik derejesine ýeten şyh ýaşaýan eken. Osman bu şyhyň gyzy Malhunhatyna aşyk bolup, oňa öýlenmek isleýär. Ol munuň üçin Ebedaly şyhyňka iki ýyllapgatnaýar, emma şyh oňa gyzyny bermäge razy bolmaýar. Ýöne Osman hem ondan elçekmeýär, irginsizlik bilen şyhyňka gatnaýar. Bir gün Osman Ebedaly şyhyň metjidindeýatyrka, bir düýş görýär. Düýşünde ol Ebedaly şyhyň ýanynda ýatanmyş. Birden Ebedalyşyhyň gujagynda bir aý dogýar. Aý doluşyp, tegelenip, Ebedalyň gujagyndan çykyp,Osmanyň gujagyna girýärmiş. Şol wagt onuň garnynda bir agaç bitip, ulalmaga başlaýarwe beýgeldigiçe ýaşyl reňke girip owadanlaşýar. Onuň şahalarynyň kölegesi bütin dünýänitutýarmyş. Agajyň ýanynda gezek-gezegine dört sany daglar görnüp geçýärmiş. Ol daglarKawkaz, Atlas, Toros we Balkan daglary eken. Agajyň köklerinden Dijle, Fyrat, Nil weTuna derýalary çykýar. Bu derýalaryň üstlerinde uly gämiler ýüzüp ýör eken. Düzlüklerbolsa ekin meýdanlaryndan dolumyş. Daglaryň depeleri tokaýlar bilen örtülendi.Jülgelerinde şäherler, şäherlerinde bolsa kaşaň metjitler bardy. Bularyň hemmesiniň altyngümmezleriniň depesinde Aýyň şekili ýalpyldap görünýär. Minaralarynda azançylar azanokaýarlar. Bu azan sesleri agajyň şahalaryndaky guşlaryň jürküldisi bilen garyşyp, ajaýypbir owazy emele getirýär. Birden agajyň ýapraklary gylyç ýaly uzamaga başlaýar. Soňraolar duýdansyz ösen ýeliň ugry boýunça Stambul şäherine tarap uzap başlaýarlar. Stambulşäheri edil iki sany pöwrize we iki sany merjen gaşlar oturdylan almaz bolup, onuň gözünegörünýär. Birden ol almaz bütin dünýäniň daşyna gurşalan ýüzügiň gaşy bolýar. OnyOsman öz barmagyna dakýar. Şol wagt hem ukudan oýanýar.Ol gören düýşüni Ebedaly şyha gürrüň berýär. Ebedaly şyh oňa: “Oğul,12

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!