13.07.2015 Views

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Myrat PenjıýewBu oba halk arasynda “Tutly Gyzylaýak” ady bilen meşhurdyr. Ýerli ilatyň ata-babalary bu ýerdetakmynan dört ýüz ýyl mundan öň mesgen tutupdyrlar. Obanyň “Tutly Gyzylaýak” diýlipatlandyrylmagynyň sebäbi ol ýokary hasylly we Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndan ir ýetişýänýüpekçi hojalyklaryň mekanydyr. Şonuň üçin bu ýerde tut agajynyň köp ekilip, ösdürilip ýetişdirilmegihem tebigy zatdyr.M.Penjiýew bu barada şeýle ýatlaýar: “Tutly” diýilmeginiň sebäbi ir zamanlardan başlap atababalarymyztut agajyny biçak köp ösdürip ýetişdiripdirler. Ekerançylyk ýerleriň arasyny hatara ekilen tutagaçlary jähekleýär. Olar örän gür ekilipdir. Lap edip aýtdygym däl, tut agaçlaryň çybygy kesilende,olaryň biriniň üstünden beýlekisine, soň ýene beýlekisine arkaýyn geçibermeli. Şeýdibem, tutagaçlarynyň hatarlarynyň arasynda mellek eýeleriniň ekerançylyk ýerleriniň arasyny bölýän diwar emelegelipdir. 1IAlymyň atasy Penji Abdyrahman ogly şu obada 1903-nji ýylda doglup, ýetginjeňlik ýyllaryndanbaşlap Anna süýthoruň gapysynda hyzmat edipdir. Soňky ýyllarda onuň atbakary bolupdyr.Atasy, enesi – Ogulbike Juma gyzy kolhoz gurluşygy ýyllarynda şu obadaky “Kommunar”kolhozyna giripdirler. Onuň aýal doganlary Abadan, Ogulhan, agasy Döwlet aňly-düşünjeli durmuşýollaryny önümçilikde halal zähmet çekip, obanyň ykdysadyýetini, medeniýetini ösüdürmekde yzgaldyryp dürli ýyllarda dünýäden ötüpdirler.Olaryň kiçi dört ýaşly jigisi Nobatgeldi 1939-njy ýylda horazek (skarlatina) keselinden ýogalýar.Otuzynjy ýyllaryň gahatçylyk, açlyk ýyllary yzda galyp, bularyň maşgalasynyň gün-güzeranynyňýaňy ganymatlaşyp, özüni dürsäp başlan ýyllarynyň yzysüre şahsyýet kultuniň tutha-baslyk döwribaşlanýar.1938-nji ýylyň Sanjar aýynda Penji aga on ýyl iş kesilip, Demirgazyk ülkeleriniň birisi –Arhangelskä sürgün edilýär. Oňa şol ýerdenem dolanyp gelmek miýesser etmeýär.Bäş ýaşynda ata didaryndan ömürlik mahrum bolan Myrat Watançylyk urşunyň ilkinji ýyly (1941ý.) obadaky ýediýyllyk mekdebiň birinji klasyna okuwa barýar.Uruş döwrüniň hupbatçylyklarynyň arasynda bolýar. Güýjüniň ýetdiginden obada zähmet çekip,1943-1948-nji ýyllar aralygynda kolhoz önümçiliginde işleýär: goş sürýär, oba hat gatnadyjysy,brigadanyň hasapçysy wezipelerini alyp barýar.Oba mekdebinde okaýan ýyllaryndan başlap, “Mydam taýýar”; “Ýaş kommunist”;“Türkmenistan” gazetlerini, çagalar, ýetginjekler edebiýatlaryny ürç edip okaýar. Soň ýokary klaslaryňokuwçysy mahalynda gazetlere makalalar ýazýar, tapmaçalary çözüp, kä halatlarda özi düzüp “Mydamtaýýar” gazetine iberýär.1948-nji ýylda oba mekdebini tamamlap, şol ýyl Atamyrat (Kerki) şäherindäki mugallymçylykuçilişä okuwa girýär. Ony 1951-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şol ýyllarda oba mekdeplerindemugallymlar ýetmezçilik edýärdi.Ýaş uçuruma Gyzylaýak obasyndaky 6-njy ýediýyllyk mekdebinde 3-nji klasdan başga-da ýokaryklaslarda himiýa, botanika, zoologiýa sapaklaryny okatmak tabşyrylýar. Okuw ýylynyň ahyrynda partiýaagzalygyna kandidatlyga kabul edilýär.1952-nji ýylda Türkmenabatdaky (Çärjewdäki) Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylykinstitutynyň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girýär.1956-njy ýylda instituty tapawutlanan diplom bilen gutarandan soň, ony bu ýokary okuwmekdebiniň türkmen dili kafedrasynda işe alyp galýarlar. Şol bir wagtyň özünde ol institutyň ýaşlarguramasynyň sekretarlygyna saýlanýar. Institutda işlän ýyllarynda türkmen diliniň morfologiýa, sintaksisdersleri boýunça gündizki hem gaýybana bölümleriniň talyplaryna sapak berýär. Aspirantura üçinkandidatlyk synaglaryny tabşyrmaga taýýarlyk görüp ugraýar, sapaklaryna gatnaşyp başlaýar.1959-njy ýylyň Alp Arslan aýynda onuň durmuş ýolunda özgerişlik bolup geçýär, ol SSSR ÝAnyňMoskwa şäherindäki Dil bilimi institutynyň aspiranturasyna kabul edilýär.1 Penjiýew M. Geçilen menziller7

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!