13.07.2015 Views

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Myrat PenjıýewŞahyrlar, ýazyjylar, sungat işgärleri bilen ylmy-amaly maslahatlary, duşuşyklary geçirmegiňtarapdary bolýar.Bu çäreler “Bilim” jemgyýetiniň başlygy M.Penjiýewe ylmyň gazananlaryny halka ýetirmekde,türkmen diliniň we edebiýatynyň möhüm meselelerini, halk magaryfyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyzmeseleleri, çagalaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmakdaky, dilimiziň ýazuw kadalarynyözleşdirmekdäki, dil baýlygyny ösdürmekdäki ýüze çykýan kynçylyklar barada pikir alyşmakmugallymlar üçin örän ähmiýetlidir.Alymlar bilen ýüzbe-ýüz durup pikir alyşmak, onda-da ençeme okuw kitaplarynyň awtorlarybolan alymlar bilen pikir alyşmak mugallymlary mundan beýläk-de döredijilikli işlemäge ruhlandyrýardy.M.Penjiýew döredijilikli işleýän, sapak geçende täzeçe iş usullaryny peýdalanýan, synag geçiripgörýän mugallymlara goldaw berilmegini magaryf bölümlerinden talap edýär.Olaryň iş usullaryny öwrenip, mekdeplere ýaýratmak, belli-bellileriniň wezipe derejesiniýokarlandyrmak, has ukyplylaryna ylmy derejeleri almak üçin ylmy barlag işiniň mowzugy hataryndaberkidilmegini ündeýär.Bu çäreleriň toplumy mugallymlaryň ussatlyk derejesiniň kämilleşmegine, onuň netijesi bolsa,sapaklaryň täsirli, çuň mazmunly bolmagy bilen, aňyýet taýýarlygyny alan, ylymlaryň esaslarynyözleşdirmegiň ýollaryna düşünýän ýaşlaryň kemala gelmegine alyp gelýär.Alymyň welaýat bilim bölümine ýolbaşçylyk eden bimöçber aladaly ýyllarynda mekdepleriň,mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-maddy üpjünçiligini berkitmekde, mugallymlaryň ýaşaýyşşertlerini gowulandyrmakda hem az iş edilmedi. Her üç mekdepden birisi täze biçimde gurlan mekdepjaýyna göçüp bardylar. Olardan başga-da, möhüm bolan ýerlerde, her ýylda öňki mekdepleriňgapdalyndan goşmaça otaglar, sport zallary, mekdep naharhanalary, mugallymlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyňtäze tapgyrlary ulanylmaga berildi.M.Penjiýewiň durmuşynda okuw-pedagogik, ylmy-döredijilik, ýolbaşçylyk we guramaçylyk,jemgyýetçilik işleri biri-biri bilen baglanyşyp, sepleşip gidýär.1951-nji ýyldan başlanan mugallymçylyk käri onuň bütin durmuş ýolunyň üznüksiz dowamaty –şa ýoly boldy. Başlangyç, orta, ýokary mekdepleriň basgançaklary bilen ädimläp, tutuş zähmet ýoluny şuasylly işe bagyşlady.Halypa mugallym “Taňrynyň emri bilen täzeden dünýä inip, zähmet ýoluny başlamaly bolaýandahem şu ýoly – dünýäde iň asylly, halal, ynsanperwer, hormatly, şol bir wagtda hem iňňän kyn,çylşyrymly, halkyň öňünde belent jogapkärçilige eýe bolan şu käri saýlap alardym” diýýär.M.Penjiýewiň terbiýeläp ýetişdiren hünärmenleri döwletimiziň ähli künjeklerindäki mekdeplerde,ylmy, jemgyýetçilik edaralarynda zähmet çekýärler. Olar alym mugallymyň öz okuwçylary ýa-daokuwçylarynyň okuwçylarydyr.Alym zähmet ýoluny başbütin mugallymçylyga, magaryfa, ýokary mekdebe bagyşlamagy bilenbir hatarda, onuň daşyndan ylmy derňewleri hem üznüksiz dowam etdirdi.Ol özüniň mowzugy tassyk edilen doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin Türkmenistanyňähli obalaryny, Özbegistanyň, Täjigistanyň türkmen obalaryny obama-oba söküp geçdi. Halk dilindenekerançylyk adalgalaryny ýazyp aldy.Ylmy gözleg ýollary barada alymyň ýatlamalarynda aşakdaky setirlere ýüzleneliň: “Magaryfyňaladalary bilen gurşalan günlerde özüme ömürlik ýanýoldaş tutunan ylmy gözlegleri dowam etdirmegihem iş günümden daşlaşdyrmaýardy”.Günibirin ir sagat altyda, käte ondan hem irräk, aýaga galdygym iş tertibime berk ornaşyp galanertirlik beden maşklaryny ýerine ýetirenimden soň, çaklanja iş otagyma geçäge-de, onuň gapysynyýapardym.Döwlet iş gününe çenli bir ýarym, iki sagat dowamynda öňki günden galan meseläniň yzyny,öňki günde ýazanlaryňy okap görüp, pikiriňi dowam etdirmeli. Halkdan ýygnan mysaly maglumatlaryňyylmy çeşmelerdäki garaýyşlar bilen degşirip görmeli.Ylmy netijelere gelmäge amaly, teoretiki çeşmeleriň gowuz gelýän pursatlaram az bolmaýardy.Ýerli maglumatlaryň ýetmedigini ýetirmek üçin, ýene-de ile çykmaly.9

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!