13.07.2015 Views

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

A. Ýazberdiýew - M. HudaýkulowaBaýry magaryfçy alymyň öňünde institutyň uly kollektiwini döredijilikli iş bilen täzeçe işlemägegönükdirmek döwlet jogapkärçiligi derejesindäki wezipe bolup durýardy.Ilkinji iş günlerini mugallymlar, talyplar bilen duşuşmakdan, özara gürrüňdeş bolmakdan başlap,olaryň durmuş, ýaşaýyş şertlerini, okuw işleri bilen ylmy işleri baglanyşykly alyp barmagyň ýagdaýyny,ondaky kynçylyklary ýekän-ýekän öwrendi.Duşuşyklar köp zadyň üstüni açdy. Soňky bir ýylyň dowamynda mugallymlaryň ýekejesi-deýaşaýyş jaýyny edinip bilmändir, ýaşaýyş jaýy üçin nobata duranlaryň sany 120-den geçýärdi.Mugallymlaryň köpüsinde kömekçi hojalyklar üçin mellekleri ýokdy. Diňe dokuzy düzüw mugallymkämil bilim, terbiýe bermäge ukyplydyr.Ylaýta-da ýokary mekdebiň mugallymlary öz üstünde basalykly işlemelidir. Sebäbimugallymlaryň ählisi diýen ýaly ylmy işleriň üstünde işlemeli diýip talap edilýär. Döwletimiziň ähliugurdan pugtalanmagy alymlaryň ylmy derejesiniň artmagyna bagly bolup durýar.Bu meseleleriň çözgüdi tapylyp başlandy.Institutyň mugallymlary üçin 58 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna girişildi. Kömekçi hojalyklarüçin mellek ýerleri bölünip berildi.Rektoryň maksatnamalaýyn çykyşyndan käbir setirler: “... Aýdaly, tanymal ýazyjy oňat kitapýazýar diýeliň! Bu kitap halkyň ruhy isleglerini kanagatlandyryp bilýär. Bu ýazyjynyň gazanan iň ulynetijesidir. Ýokary mekdebiň mugallymy hem şeýle bolmalydyr. Esasy zat her bir mugallymyň işnetijesidir. Institut sagdyn ahlaklylygyň kemala getirilýän ýeridir. Ýokary ahlaklylyk agzybirligiňözenidir. Garaşsyz Türkmenistanyň ähli ugurlardan ösmegi, dünýä derejesine çykmagy üçin umytbildirilýän ýaş hünärmenleri goldarys, olaryň ýoluny açyk ederis.Elbetde, öňden işläp gelýän ýaşuly, tejribeli mugallymlaryň hem halypalyk hormatyny saklamakbilen, ýaşulylar bilen ýaşkiçileriň utgaşykly işini guramagy başararys diýip pikir edýärin.... Milli mazmuna ýugrulan dünýä derejesine laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak biziň başwezipämizdir”.Rektoryň ýolbaşçylygynda orta mekdep bilen ýokary mekdebiň arasyndaky gatnaşyklary öňküdenhem berkitmek maksatnamasy işlenip düzülýär.Geljekki uçurymlaryň usulyýet we amaly taýýarlygyny gowulandyrmak maksady bilen şäheriňmekdepleriniň ýanynda her fakultetiň usulyýet kafedralary açylýar.Ýokary synp mekdep okuwçylaryny hünärlere gözükdirmegiň ýollary öwrenilýär. Mekdepleriňýokary synplarynda tejribe sapaklaryny bermek ýola goýulýar. Welaýat merkezlerindäki başlangyç synpmugallymlaryny taýýarlaýan mugallymçylyk mekdeplerini /uçilişelerini/ institut usulyýet taýdan özhowandarlygyna alýar. Olaryň saýlama uçurymlaryny institutyň pedagogika bölümine synagsyz kabuletmek kada hökmünde ýola goýulýar.1991-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanynda pedagogika,psihologiýa, usulyýet /metodika/ boýunça alymlyk derejesini berýän ýörite geňeş döredilip, alymlargeňeşiniň ýolbaşçylygyna professor M.Penjiýew tassyk edilýär.Onuň Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk mekdebine işe iberilmegi sebäpli bugeňeşi Ýokary Attestasiýa Komiteti Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutyna geçirmegi karar edýär.30 ýyla ýakyn döwürde arasy üzülip, täzeden dikeldilen bu geňeşiň işlän soňky 4 ýylynyňdowamynda baha berilmegine garaşyp ýatan işleriň 29-synyň eýeleri alymlyk derejesini almak üçindissertasiýa goraýar.Beýik Prezidentimiziň öňe süren “10 ýyl abadançylyk”, “Milli galkynyş” syýasatynyň, “Dilhakyndaky” Kanunyň ýerine ýetirilmegi üçin uzak wagtlaýyn anyk çäreler bellenýär. Şol çäreleriň içindedöwlet dilini bilmeýänler üçin kurslaryny açylmak, enjamlaşdyrylan iş otaglaryny döretmek, täzekafedralar açmak, okuw maksatnamalaryna, meýilnamalaryna täzeden seretmek, millileşdirmek, türkmendilinde milli elipbiýde täzeden okuw kitaplaryny çapa taýýarlamak meseleleri özüniň çözgüdini tapýar.Institutyň okuw-maddy üpjünçiligini, talyplaryň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmakda hembirnäçe işler edilýär. Täze okuw binasynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Talyplaryň ýaşaýyş jaýlaryndadüýpli abatlaýyş işleri, institutyň daş-töwereginde, içinde abadanlaşdyryş işleri geçirilip, şähere görkberýän talyplar şäherjigi döredilýär.12

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!