13.07.2015 Views

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Myrat PenjıýewInstitutyň baş binasynyň öňünde abadanlaşdyrylan meýdançada Serkerde şahyryň belent heýkeligaldyrylýar.Şol ýyllarda döwletimizde mugallymlary taýýarlaýan baýry ýokary mekdepde 18 ugur boýunçagündizki bölüminde bäş müňe golaý, gaýybana bölüminde 1800 talyp bilim, terbiýe aldy.Ylymlaryň doktorlarynyň 14-si, ylymlaryň kandidatlarynyň 220-si, 100 dosent, 50 aspirant, 4doktorant institutda zähmet çekýärdi.Diňe bir bu ýokary mekdebiň durmuşynda uly waka bolman, welaýatyň halkynyň, ylmyjemgyýetçiliginiň durmuşynda hem Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Beýik SaparmyratTürkmenbaşynyň Permany bilen Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň adynyň dakylmagy şatlykly wakabolupdy.Bu taryhy karara bagyşlanyp geçirilen dabaraly mejlisde Merhemetli Serdarymyza ähtnama kabuledildi. Onda şeýle diýilýär: “Siziň ukybyňyzyň, zehiniňiziň, pähim-paýhasyňyzyň perzendi bolanTürkmenistanyň Garaşsyzlygyna bary-ýogy bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Bu gojaman taryh üçin öränaz möhlet. Her bir ata-enäniň mähriban perzendine mähir-muhabbetini, söýgüsini, yhlasyny siňdirişi ýaly,Siz hem Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň berkarar bolmagy, onuň dünýä möçberinde ykrar edilmegiüçin şahsy mertligiň, gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiňiz.Her bir halk özüniň Beýik Ogullary bilen şöhratlydyr. Siz türkmen halkynyň Beýik oglyhökmünde halkymyzyň ýaşaýşyny gowulandyrmakda, ony röwşen geljege alyp barmakda, türkmenhalkynyň milli aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny, medeni, ahlak mirasyny täzeden dikeltmekdäkitagallalaryňyz milli medeniýetimiziň, dilimiziň ösmegine aýdyň ýol açýar.Siziň her bir kabul edýän Permanyňyz şol ajaýyp maksadyň amala aşmasydyr.Her bir nakyly akyla barabar türkmen “Zer gadryny zergär biler” diýipdir. Munuň hakykatdygynySiziň türkmen halkynyň beýik ogullarynyň hatyrasyny saklaýşyňyz subut edýär.Türkmen döwlet pedagogik institutyna Türkmeniň beýik ogullarynyň biri – watançy şahyrSeýitnazar Seýdiniň adynyň dakylmagy munuň hakykatlygyny ýene bir gezek tekrarlaýar. SeýitnazarSeýdiniň ady biziň institutymyzyň işgärlerini, mugallymlaryny mähriban Diýarymyzy janymyz-tenimizbilen söýmäge, Türkmenistanyň garaşsyzlygy üçin ähli ukybymyzy, bilimimizi, gaýratymyzy sarpetmäge, gerek bolsa şirin janymyzy gurban etmäge borçly edýär. Türkmen döwletiniň berkararbolmagyny ärzuw eden, janyny orta goýan Seýitnazar Seýdi özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen nesillerehut şuny arzuw edipdi. Onuň şahsy durmuşy nesillere nusgalyk bolupdy.Siziň ylmyň ösmegine, hünärmenleriň taýýarlanyşyna aýratyn üns berýändigiňiz biziguwandyrýar. Munsuz dünýä siwilizasiýasynyň derejesine göterilmek mümkin däl.Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty döwletimiz üçinmugallymlary taýýarlaýar. Mugallymlar nesilleriň terbiýeleýjileridir. Türkmenistanyň geljegi biziňnesilleri terbiýeleýşimize gönüden-göni baglydyr. Biz özümiziň ähli başarnygymyzy, bilimimizi Siziňalyp barýan syýasatyňyza bagyşlajakdygymyza Sizi ynandyrýarys”.M.Penjiýewiň ylmy-pedagogik gatnaşyklarynyň çygry giň. Arkalaşykly döwletlerde ýaşapişleýän türkşynas alymlar bilen gatnaşygyny dowam etdirýär. Türkiýe döwletiniň, Moskwanyň görnüklidilçileri, taryhçylary bilen arkalaşykly gatnaşyklarynyň netijesi halklar arasyndaky dostlyk, doganlyk,ylmy gatnaşyklarynyň berkemegine alyp gelýär. Moskwanyň döwlet uniwersitetinde türkmen diliniňokadylyp başlanmagy, beýleki gündogar dilleri bilen bir hatarda türkmen dili boýunça hünärmenleriňtaýýarlanyp başlanmagy M.Penjiýew bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu dünýä derejesindehatyralanýan uly okuw mekdebiniň çagyrmagy bilen türkmen dilinden sapak berýär. Orsýetuniwersitetleri üçin “Türkmen dili” okuw kitabyny ýazmaga gatnaşýar. Bu kitap diňe bir talyplar, ylmyişgärler, türkmen dilini öwrenýänler üçin hyzmat etmän, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň taryhyny,tebigatyny, däp-dessuryny, medeniýetini, garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny tanadýan çeşme bolarniýeti bilen ýazylypdyr.M.Penjiýew Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap Türkiýe döwletiniň ylmy merkezleri,uniwersitetleri bilen ylmy gatnaşyklary ýola goýýar. Seljuk, Izmir uniwersitetlerine, Stambulda,Ankarada, Trabzonda geçirilen halkara gurultaýlaryna çagyrylýar we dokladlar bilen çykyş edýär.13

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!