13.07.2015 Views

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Myrat Penjıýewgaldyran yzlary Watana, halka hyzmat etmegiň aýdyň ýollarynda nesillerimize ýörelge bolmagyňnusgalygynda galýar.M.Penjiýew gezende alym. Doktorlyk işine taýýarlanýan ýyllarynda Türkmenistanyň çägindäkiähli welaýatlarda, etraplardan başga-da daşary döwletlerde – Türkiýede, Özbegistanda, Täjigistanda,Demirgazyk Kawkazda ýaşaýan watandaşlarymyzyň arasynda uzak wagtly saparlarda bolmak bilen,halkyň janly gepleşiginden ekerançylyk leksikasyna, onuň taryhyna degişli maglumatlary irginsizlik bilenýygnady.Dürli ýyllarda magaryfçylaryň wekilçilikli delegasiýasynyň düzüminde Merkezi Aziýa, Kawkaz,Baltyk döwletlerinde, Germaniýada, Awstriýada, Wengriýada, Hindistanda, Eýranda, Gwineýa-Bisauda,Meksikada, Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde, Kubada iş saparlarynda boldy.Olar diňe bir syýahat saparlary bolman, bu ýurtlarda magaryfy guramakdaky, bilim ulgamyndakytäzelikleri öwrenmek maksady bilen baglanyşykly iş saparlary bolupdy. Bu ýurtlaryň öňde baryjymagaryfçylarynyň iş tejribesini öwrenmek bilen olaryň gowy tarapyny – biziň şertlerimize laýyk gelýänugurlaryny türkmen milli magaryfyna aralaşdyrmak barada hem iş alyp bardy.Şonuň bilen birlikde türkmen milli magaryfynyň ýeten derejesini bu ýurtlara ýetirmek ugrundakytagallalaryň ädimleri bolupdy.M.Penjiýewiň zähmet ýolunyň agramly bölegi halk magaryfyna bagyşlandy. Onuň Lebapwelaýatynyň halk magaryfyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda /1971-1988/, ýokary okuw mekdeplerindeişlän ýyllarynda magaryfy guramagyň, sapaklary netijeli guramagyň, öňde baryjy tejribeleri ýaýratmagyňderwaýys ýollaryna bagyşlap ýazan makalalary Türkmenistanyň döwürleýin metbugatynda, öňki Soýuzyňmerkezi žurnallarynda yzygiderli çap edildi.M.Penjiýewiň, wagt tapyp, redaktorlyk işine siňdiren zähmetini-de belläp geçmelidiris. Onuňredaktirlemeginde A.Gurdowyň “Структура и семантика грамматических форм английского итуркменского языков”, N.Nartyýewiň “Eýerjeňli goşma sözlem problemalary”, N.Nartyýew,D.Berdiýew, A.Myradow tarapyndan taýýarlanan “Dyngy belgiler we olara degişli gönükmeler”,G.Aýdarowyň “Orhon we uýgur ýazgylarynyň dili”, T.Täçmyradowyň “Fonetika” ýaly işleri çapataýýarlandy we köpçülige hödürlendi.Bilim ministrliginiň garamagyndaky ylmy-usulyýet geňeşiniň ýolbaşçysy, agzasy hatarynda orta,ýokary mekdepler üçin ýazylan okuw kitaplaryny, gollanmalaryny, maksatnamalaryny taýýarlamaga, araalyp maslahatlaşmaga hyzmatyny gaýgyrmady.Halk magaryfyny, ylmyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary nazarda tutulyp, hökümet sylaglarynyňençemesi: “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni /1981/, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty/1971/, “Gaýrat” medaly /1993/, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 50ýyllygy /1995/, “Zähmet weterany” /1995/, N.K.Krupskaýa /1984/, S.I.Wawilow /1978/ adyndakymedallary, WWNH-nyň Kümüş medaly /1986/ bilen sylaglandy. Ol SSSR-iň we TSSR-iň halkmagaryfynyň otliçnigi, Türkmenistanyň ussat mugallymydyr.1971-1990-njy ýyllar aralygynda Çärjew oblast sowetiniň saýlawlarynyň 7 çagyrylyşyna deputatsaýlanýar. Şol ýyllarda hem oblast partiýa komitetine agzalyga saýlanýar.40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda M.Penjiýew Türkmenistanyň baýry okuw jaýlary bolanSeýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, dosenti, professory, rektory,Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleriinstitutynyň türkmen dili kafedralarynyň müdiri wezipelerinde işlän ýyllarynda döwletimiziň okuwjaýlary, ylmy edaralary üçin ylmy-pedagogik işgärleriniň müňlerçesini taýýarlamak üçin zähmet çekdi.Türkmen döwletiniň ýokary we orta mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň aglabasy onuň öňkiokuwçylary ýa-da okuwçylarynyň okuwçylarydyrlar.Danalar aýtmyşlaýyn, “Ata bilen enä ösdürip ýetişdiren perzentlerine görä baha ber” diýen pähimbar.M.Penjiýewiň döwletli maşgalasy bar. Ýaşuly alymyň ogul-gyzlary, “Ata kesbi ogla halal” diýlişiýaly, alymlyk derejesini alan ýokary mekdebiň mugallymlarydyr. Onuň ýanýoldaşy Maral Penjiýewaylymlaryň kandidaty, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň dosenti. Ogullary – Ähmet ylymlaryňdoktory, Bedenterbiýe we turizm institutynyň kafedra müdiri, Nurgeldi fizika-matematika ylymlarynyň15

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!