13.07.2015 Views

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

türk dünyası incelemeleri dergisi - 404 - Sayfa bulunamadı! - Ege ...

SHOW MORE
SHOW LESS
  • No tags were found...

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Myrat Penjıýewmekdeplerde sapak bermegini guramak, ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklary jebisleşdirmek,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ýanyndaTürkmen dili kafedrasynyň bölümçesini açmak ýaly wezipeler aýdyňlaşdyrylandan soň, orta mekdepler,ylmy edaralar bilen jebis gatnaşykly işlemegiň ýollary işlenip düzülýär. Bu başlangyçlar Bilim ministrligitarapyndan goldaw tapýar. Alym şol döwürde Bilim ministrliginiň tabşyrygy bilen Al-Biruny adyndakyGazagystanyň döwlet uniwersitetinde bolup, okuwlaryň, ylmy işleriň guralyşyny, okuwmaksatnamalaryny öwrenmek maksady bilen iş saparynda bolup gelipdi.Kafedranyň işini täzeçe guramak: okuw maksatnamalarynyň mazmunyna täzelikler girizmek,türkmen diliniň uniwersitetiň ähli bölümlerinde okadylyp başlanmagyny gazanmak, onuň üçin ylmykafedradan fakultetara kafedrasyny bolüp aýyrmak, şol wagtky Soýuzyň ýokary okuw jaýlary bilengatnaşykda bolmak, kafedra mugallymlarynyň hünär taýdan kämilleşdiriş işleriniň netijeli ýollarynyöwrenmek baş wezipe bolup durýardy.Bu işleri dünýä tejribesiniň esasynda amala aşyrmak maksady bilen kafedra müdiri Moskwadöwlet uniwersitetinde üç aýlyk kämilleşdiriş kursuny geçip gelýär.Okuw-terbiýeçilik işleri bilen üznüksiz baglanyşykly bolan ylmy monografiýalary, okuwkitaplaryny taýýarlamak, alymlyk derejelerini almak üçin ylmy işleri gutarmaga kafedra agzalarynamümkinçilik döredip, zerur bolanlaryny döredijilik rugsatlaryna goýbermek ýaly işler ýola goýulýar.Şol döwürde ylmy grammatikanyň morfologiýa bölümi, taryhy grammatika, türkmen diliniňsintaksisi, umumy dil bilimi, fonetika, türkmen dilini okatmagyň usulyýeti boýunça kitaplar ýazylýar weneşir edilýär.Bular bilen bir hatarda kafedranyň alymlary orta mekdepleriň dürli klaslary üçin “Türkmen dili”okuw kitaplaryny ýazmaga, neşir etdirmäge gatnaşýarlar. Beýleki ylmy edaralar bilen gatnaşyklaryňnetijesinde bilelikde ylmy işler taýýarlanýar. Döwletiň içindäki, daşyndaky ylmy edaralardan gelýänişlere kafedra agzalary syn ýazmaga çekilýärdi.Dil baradaky kanuny işläp düzmäge /döwlet geňeşiniň agzasy hökmünde/ M.Penjiýew işjeňgatnaşdy. Uzaga çeken pikir alyşmalardan soň, 1990-njy ýylyň Magtymguly aýynda Türkmenistanyňmejlisi tarapyndan Dil baradaky kanun tassyk edilýär. Türkmen dilimiz döwlet diliniň derejesine eýeboldy. “Dil hakyndaky” Kanuny durmuşa geçirmegiň Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmakdaTürkmen dili kafedrasy Türkmenistanyň beýleki okuw mekdepleriniň türkmen dili kafedralarynyň işiniutgaşdyryjynyň hyzmatyny ýerine ýetirmeli bolupdy.Täze Milli türkmen elipbiýine /bir elipbiýden beýlekä/ geçmek ýeňil-ýelpaý iş däldi. Bu iş ulymedeni öwrülişige – bilim ulgamynda, metbugatda, ylym ulgamynda, iş dolandyryş meselelerindeynkylaby özgerişe barabar işdi.M.Penjiýewiň “Elipbiý barada söz açylanda ... ” atly giňişleýin makalasy “Türkmenistan”gazýetinde çap edilipdi. 2Alymyň bu makalasy diňe Döwletimiziň ylmy jemgyýetiniň ünsüni çekmän, Türkiýe döwletiniňalymlary tarapyndan hem seslenme tapdy. Bu makala türk diline terjime edilip, “Türk ýurdy” žurnalyndaçap edildi. 32 Makalada teklibi Mejlise tabşyrmazdan öňürti meseläniň töwerekleýin işläp bişirilmeginiňzerurlygy, oňa geçmek üçin onuň bilen baglaşykly lingwistik, psihologik, pedagogik, grafik we çap edişmümkinçiliklerini düýpli öwrenmek bilen birlikde dilimiziň ses ulgamyna laýyk gelýän harplary/grafemalary/ saýlap almagyň takyk ugurlary barada söz açylýardy.Bu meseläniň töwereginde türkmen dili kafedrasynyň agzalarynyň aglabasy metbugat, habar berişserişdeleri arkaly öz pikirlerini orta atypdylar.Ylmy jemgyýetçiligiň, magaryfçylaryň, ýazarmanlaryň, giň halk köpçüliginiň teklipleri düýpliöwrenilip, Beýik Prezidentimiz /1993 ý.,/ Täze Milli elipbiýe geçmegiň döwürleýin basgançaklarybaradaky karara gol çekdi. Karar kanuny güýjüne eýe bolandan soň, iş ýüzüne geçirilip başlandy.1992-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda M.Penjiýew Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permanybilen Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutynyň rektory wezipesine bellendi.2 “Türkmenistan”, 1992, 6 maý.3 M.Penjiýew, A.Nurmuhammedow Türkmen ýeni Alfabesiýle ilgili Görüşler “Türk ýurdy”, Eýlul, 1992, N 12.11

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!